Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 4 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy | TDH
Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 4 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

опубликованно 06.01.2018 // 791 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Serbiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler metal önümlerini, buýan köküniň erginini we guradylan buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 100 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 234 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter