Halka baş bolup! Halk bilen bile! Halkyň bähbidine! | TDH
Syýasat habarlary

Halka baş bolup! Halk bilen bile! Halkyň bähbidine!

опубликованно 16.02.2015 // 996 - просмотров
 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanan günündan bäri üç ýyl geçdi. 2012-nji ýylyň 12-nji we 17-nji fewraly parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan we ägirt uly üstünlikler gazanan ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň durnukly häsiýete eýedigini alamatlandyrýan möhüm sepgit hökmünde Watanymyzyň täze taryhyna girdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze taryhy döwürde haýran galdyryjy üstünlikler gazanyldy, bu syýasat türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň okgunly ösüşini we Watanymyzyň halkara derejesinde belent arbaýyny üpjün etdi. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy, diwersifikasiýa edilmegi we bazar gatnaşyklaryna yzygiderli geçirilmegi bu syýasatyň möhüm ugry bolup, ösüşiň innowasiýa usuly onuň esasyny düzýär. Ýurdy senagat taýdan ösdürmek, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagy bilen bir hatarda bilim, ylym, şeýle hem durmuş ulgamlaryny, saglygy goraýşy, medeniýeti, sporty we syýahatçylygy ösdürmäge uly serişdeler goýberilýär.

Türkmenistanyň eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda jemy içerki önümiň ösüşi boýunça ýokary depginleri saklap gelýär, onuň düzüminde senagatyň, gurluşygyň we hususy bölegiň paýy yzygiderli artýar. Daşary söwda dolanyşygynda oňyn ösüşler gazanylýar, Döwlet býujeti ýerine ýetirilýär. BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdirliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň hem-de maliýe düzümleriniň bilermenleri türkmen ykdysadyýetiniň oňyn ösüş meýillerini üýtgewsiz belleýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan ilatyň durmuş derejesini we hilini özgerdýän ägirt uly gurluşyk meýdançasydyr. Paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman zawodlaryň we fabrikleriň onlarçasy bina edildi. Ýangyç-energetika toplumynda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Täze uglewodorod serişdeli ýataklar, şol sanda Amyderýanyň sag kenarynda we Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşýän ýataklar, şeýle hem dünýäde örän iri “Galkynyş” gaz ýatagy batly depginler bilen özleşdirlýär.

Türkmen gazyny daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlary – Türkmenistan-Hytaý yklymüsti gazgeçirijisi we Türkmenistan-Eýran gazgeçirijisiniň täze şahasy çekildi. “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, ol häzirki zaman gaz-ulag düzüminiň möhüm birleşdirijisi bolar. Bu düzüm milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň, şeýle hem halkara energetika bazarynyň ýangyç serişdelerine barha artýan islegleri hasaba alnyp, döwrebaplaşdyrylýar we ösdürilýär. Nebiti gaýtadan işleýän iri toplumlarda täze tehnologiýaly desgalar bina edilýär.

Elekrtoenergetika pudagy, ýurdumyzyň himiýa we gurluşyk senagaty barha uly kuwwata eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin täze dag-magdan, gazhimiýa, metallurgiýa we beýleki pudaklaryň ygtybarly binýady tutuldy. Soňky ýyllarda ulanmaga berlen has uly ähmiýetli täze senagat desgalaryň hatarynda häzirki zaman gaztrubinaly elektrik beketlerini, her biriniň ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna deň bolan Lebapdaky we Balkandaky sement zawodlaryny, Marydaky ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodlar toplumyny görkezmek bolar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar sebitinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň hem-de polietilen we polipropilen öndürmek boýunça iri gazhimiýa toplumynyň düýbi tutuldy. Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyna girişildi. Lebap welaýatynda Garlyk kaliý duzlary ýatagynda Orta Aziýada örän iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-baýlaşdyryjy toplumy bina edilýär.

Ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça hem möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün etjek Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berildi. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly sebit we halkara ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüler.

Aşgabat-Garagum-Daşoguz we Türkmenbaşy-Farap awtomobil ýollarynyň, demir ýol menzilleriniň hem-de awtoterminallaryň durky düýpli täzelenip, dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Raýat howa ýollarynyň we deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, häzirki zaman uçarlary we gämileri, şol sanda ýolagçylary, ýük awtomobillerini we beýleki ulag serişdelerini gatnatmak üçin niýetlenen sebitde örän iri RO-PAX paromlar satyn alyndy. 2009-njy ýylda Mary şäherinde täze howa menzil toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menzili açyldy. Häzirki wagtda Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, geçen ýyl bu ýerde täze ýolagçy terminaly we “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň howa menzilleri hem döwrebaplaşdyrylýar. Ýakyn ýyllarda Hazaryň kenarynda ähli ölçegler boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň baş “deňiz derwezesi” derejesine laýyk gelýän täze port peýda bolar.

Barha uly ösüşlere eýe bolýan Türkmenistanyň dokma senagaty pudagy täze belentliklere çykýar, onuň düzümi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen häzirki zaman desgalaryň hasabyna pugtalandyrylýar.

Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi netijesinde syýahatçylyk ulgamynyň öňünde giň mümkinçilikler açyldy, bu syýahatçylyk zolagynda her ýylda kaşaň, bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, kottež toplumlarynyň we beýleki şypahana desgalarynyň ençemesi ulanmaga berilýär. “Mollagara”, “Arçman”, “Berzeňňi”, “Baýramaly” we ýurdumyzyň beýleki sagaldyş merkezleriniň keşbi düýpgöter özgerdi.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen ekerançylary bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, bu obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň hem-de döwlet tarapyndan oba hojalyk pudagyny goldamak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň göniden-göni netijesidir. Diňe geçen ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde jemi 360 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatorlaryň 8-si ulanmaga berildi. Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Garagum çölünde “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde ägirt uly meýdanlar ekerançylyk üçin ýaramly ýerlere öwrülip, gök zolaklar döredilýär. “Milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz ýaşyl begrese bürenýär, dynç almak üçin amatly seýilgähler emele gelýär, olar türkmen topragynyň ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam berýär.

Obalarymyzyň we şäherlerimiziň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri hem-de medeniýet öýleri, kitaphanalar, stadionlar, telefon-aragatnaşyk beketleri, ýokary hil derejesine eýe bolan durmuş-ykdysady maksatly beýleki desgalar bina edilýär. Ýakyn wagtda Türkmenistan özüniň ilkinji milli hemrasyny älem giňişligine çykarar, bu bolsa häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny, Interneti, telewideniýäni we tutuşlygyna – ylmy, bilmi, saglygy goraýşy we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ak mermere beslenen paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, onuň döredijiligiň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly barýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Täze seýilgählere we gök zolaklara bürenen, köşkleriň altyn gümmezleriniň ýalpyldysyna lowurdaýan hem-de köpsanly suw çüwdürimleriniň altyn damjalaryna beslenen, özüniň häzirki zaman binagärlik keşbi, belent binalary we desgalary bilen çäksiz buýsanja eýe bolýan Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hataryna ymykly girdi. Türkmen paýtagtynyň meşhur desgalary Aziýanyň hakyky göwheri hökmünde Ginnessiň rekordlar Kitabyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň" durmuşa geçirilmegine uly üns berýär, onuň netijesinde oba ýerlerinde ýokary durmuş derejesiniň täze ülňüleri kemala geler, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän täze nusgadaky häzirki zaman obalarynyň gurulmagy dowam etdirilýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň her bir welaýatynyň çäklerinde bina edilýär. Mundan birnäçe ýyl ozal bolsa oba ýerlerinde täze Esenguly, Döwletli, Ruhubelent, Altyn sähra şäherleriniň we etraplarynyň düýbi tutuldy.

Bilime we ylma döwlet tarapyndan berilýän kömek ýylsaýyn artýar. Mekdepler 12 ýyllyk okuwa geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň we Orta hünärmentçilik mekdepleriniň sany has-da artdy, bular soňky ýyllarda täze jaý toýlaryny tutdular. Bularyň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Halkara gatnaşyklary instituty,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen Döwlet medeniýet instituty, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty we başga-da köp sanly beýlekiler bar. Şunuň bilen birlikde, türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlara okuwa gidýärler. Türkmen döwletiniň baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnoparkynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň her bir raýatynyň göwnejaý ýaşaýyş üçin oňaýly şertleriň döredilmegini ähli özgertmeleriň esasy ugry hökmünde yglan edip, halkymyzyň abadançylygyna we jan saglygyna ýurdumyzy ösdürmegiň esasy serişdeleri we maksady hökmünde garaýar, munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny guramagyň meselelerini düýpli çözmekde öz beýanyny tapdy. Döwlet tarapyndan gönükdirilýän millionlarça möçberdäki maýa goýumlary täze lukmançylyk edaralarynyň – belli ugurlara degişli klinikalaryň, derman senagatyna degişli kärhanalaryň, hassahanalaryň we Saglyk öýleriniň gurulmagyna we täze enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Ýurdumyzda saglyga degişli döwrebap düzüm döredilýär. Şunda, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, sport ulgamyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary derejeli sportuň ösdürilmegi döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasatyň strategiki ugruna öwrüldi. Ýurdumyzda şol hereket ozal görlüp-eşidilmedik gerime we sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Munuň özi saglyk boýunça başlangyçlary öňe sürýän milli Liderimiziň uly hyzmatydyr. Şol başlangyçlar bilen bagly çärelere watandaşlarymyzyň müňlerçesi ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmek dowam etdirilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesi şol ýaryşlaryň ggeçirilýän binýadyna öwrüler. Bu şäherçe Merkezi Aziýadaky uly sport toplumlarynyň biri bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamy boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, milli medeniýeti we halkymyzyň mirasyny halkara derejesinde has giňden wagyz etmek, medeniýetleriň milletara gatnaşygyny işjeňleşdirmek, medeniýete degişli düzümi giňeltmek ýaly işleriň netijeliliginiň artdyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berýär. Şeýlelikde, milli Liderimiz täze ýörelgäni – her ýylda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegini öňe sürdi. 2014-nji ýylda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy halkara derejesinde-de giňden bellenildi. Şu ýylyň ýanwarynda bolsa “Mary – türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň” Ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, TÜRKSOÝ tarapyndan berlen hormatly derejä laýyklykda geçirilmegi göz öňünde tutulan çärelere badalga berildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly giň hyzmatdaşlygyň edilmegine esaslanýan syýasaty ýöretmek arkaly, beýleki döwletler bilen iki taraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, daşky gurşawy goramak ýaly, häzirki döwürde möhüm ähmiýetli meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary tutuş dünýäde giňden goldanylýar.

Soňky döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üç gezek, 2007-nji, 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişlilikde 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň wise başlyklygyna saýlanmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy örän möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty", şeýle hem “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” hakyndaky Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi hem ajaýyp mysallaryň biri bolup biler.

2013-näi ýylda Türkmenistan BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň wise başlyklygyna we 2013-2017-nji ýyllar boýunça ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna, 2014-2016-njy ýyllardaky ösüş maksady bilen, 2014-nji ýylda BMG-niň ylym we tehnika boýunça Toparynyň, şeýle hem 2014-2017-nji ýyllar boýunça BMG-niň Durmuş ösüşi toparynyň agzalygyna saýlandy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz bassyr iki ýyllap Ýewropa ykdysady topary tarapyndan Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin işlenip taýýarlanan BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna saýlanyldy. Bulardan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki abraýly edaralarynyň, şol sanda 2012-2015-nji ýyllar aralygynda BMG-niň neşe serişdeleri boýunça Toparynyň, BMG-niň şol döwürde ilat we ösüş boýunça Toparynyň we hemişelik esasda – BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine goşulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan belent başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, giň gerimli meýlnamalaryň durmuşa geçirilmegi we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeleriň aýdyň netijeleri milli Liderimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini dolandyrmak boýunça täzeligi, tejribeden ugur alynmagyny we halkymyzyň, şeýle hem tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklary we çelgileri bilen sazlaşykly utgaşdyrmagy başarýan häzirki zaman döwlet işgäri bolup durýandygyny äşgär edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter