Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 16.02.2015 // 836 - просмотров
 

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir düzümleýin pudaklaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalara gol çekildi.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler bilen gyzyklandy.

Gürrüňi dowam etmek bilen, möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölünip berlişine welaýat we etraplaryň häkimleriniň gözegçiliginiň zerurdygyna ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işleriniň göwnejaý derejede alnyp barylmalydygyny, oňa örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, ak ekine ideg etmek we ýaz ekişi möwsümine taýýarlyk görmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän ekiş möwsümine guramaçylykly girişmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýtda kärendeçilere oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin ýerleriň bölnüp berlişine welaýat häkiminiň we ähli etraplaryň häkimleriniň yzygiderli gözegçiliginiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz etrap häkimleriniň iş tertibini kesgitlemek, olaryň daýhan birleşiklerine yzygiderli aýlanyp durmaklaryny ýola goýmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda ideg işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, demirgazyk welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz ekiş möwsüminiň golaýlap gelýändigini bellemek bilen, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandarylan çäreleriň hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pagtaçy kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölnüp berilişine welaýat we etrap häkimlikleri tarapyndan berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna häkimiň ünsüni çekip, etrap häkimleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde we etrabyň çäginde alnyp barylýan işler bilen ýygy-ýygydan tanşyp durmagyny ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gündogar sebitde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda aýtdy. Häkim welaýatyň ähli etraplarynda ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdi. Şeýle hem ol Türkmenabat şäherindäki seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamany we çyzgylary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölnüp berlişine welaýat hem-de etrap derejesinde gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamany makullady we seýilgähi döwrebaplaşdyrmak, degişli gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz guramaçylyk meselesine degip geçmek bilen, B.Gylyjowy Garabekewül etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek baradaky Karara gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk çäreleri, sebitde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazky meýdan işlerine taýýarlyk derejesiniň depginini birjik-de peseltmeli däldigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölnüp berlişine häkimiň hut özüniň we etrap häkimleriniň gözegçilik etmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň zerur dökün, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiligini ýola goýmak, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň ýokary depginini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň etraplarynyň häkimleriniň iş tertibini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak, olaryň daýhan birleşiklerine aýlanyp, ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp durmaklaryny üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda täze döredilen etraplarda alnyp barylýan işler, paýtagtymyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň işlenip taýýarlanylan maksatnamasy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň döwrebap keşbini kemala getirmäge we onuň ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň iş tertibini kesgitlemegi, olaryň degişli çäklere, etrabyň köçelerine aýlanyp görmeklerini, paýtagtymyzdaky ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanmaklaryny, baglara we ekilen güllere ideg edilişini berk gözegçilikde saklamaklaryny yzygiderli ýola goýmagy häkimden talap etdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bellenýän milli baýramlar mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelglerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň ýurdumyzda bellenilýän baýramlar mynasybetli günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli hem şeýle sahawatly çäräni geçirmek kararyna gelnendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň günä geçmek hakyndaky resminamalary taýýarlandygyny aýdyp, bu ugurda geçirilen işler barada hasabat bermek üçin bu toparyň başlygy, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asylly däplerine eýerip, jenaýat eden adamlaryň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi we günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmek boýunça hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna zerur tabşyryklary berdi.

Şeýle sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigine, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň talabydygyna ünsi çekmek bilen, öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi üçin ähli düzümleriň birleşen tagallalarynyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter