Ýanwar — 2015: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen | TDH
Syýasat habarlary

Ýanwar — 2015: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

опубликованно 17.02.2015 // 862 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, “açyk gapylar” syýasaty, milli Liderimiziň döwrüň talaby bilen şertlendirilen başlangyçlary dünýä bileleşiginiň barha giň goldawyna eýe bolýar. Dünýäniň syýasy, işewür we ylmy toparlarynyň gyzyklanmasynyň barha artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toparlaryň wekilleri halkara maslahatlaryna, sergilere, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän geňeşmelere we hökümetara toparlarynyň mejlislerine, Türkmenistanda dürli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan yzygiderli geçirilýän giň möçberli medeni çärelere hem-de işewür duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar. Bu çäreler dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda bolan mejlisinde 2015-nji ýylyň birinji aýynda Daşary işler ministrligi arkaly Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 25-siniň gelendigi, daşary ýurtlara bolsa ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 38-siniň ugradylandygy barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem oňyn hyzmatdaşlyk ugruna eýerip, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge degişli möhüm meseleleri çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşar.

Geçen aýyň halkara wakalarynyň synyny şanly wakadan başlasak, ýerlikli bolardy “Berkarar” gämisi Russiýanyň Olýa portuna ilkinji iş saparyna ugrady. “RO-PAX” derejeli döwrebap gämi Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy. Sebitde ýeke-täk bolan bu gämi ýolagçylary gatnatmaga, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenendir.

Hünärmenleriň pikirine görä, Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Olýa (Russiýa Federasiýasy) portlarynyň arasyndaky gämi gatnawy yklymyň Ýewropa hem-de Aziýa böleklerini birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” we “Günbatar — Gündogar” transmilli geçelgeleriň çäklerinde ýükleriň daşalmagyny işjeňleşdirmäge goşmaça kuwwatly itergi berer.

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ulag meselesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz adamzadyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça möhüm teklipleriň ençemesini öňe sürýär. Bu başlangyçlaryň wajypdygy olaryň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy bilen tassyklanylýar. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kararnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň zerurdygy hakyndaky teklibini resmi taýdan berkiden ilkinji resminamadyr.

Iri we abraýly guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar häzirki döwürde dünýäniň ösüş çärelerine işjeň gatnaşýan Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda ÝUNESKO bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklaryň subutnamasydyr.

Ýanwar aýynyň 13-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş Laroh bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýatlyk edýän taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, halkymyzyň täsin taryhy we medeni mirasyny saklamak hem-de giňden wagyz etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilim, ylym, medeniýet, suw hojalygy ulgamlarynda, maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna täsin tebigy desgalary girizmek boýunça başlangyçlaryň we teklipleriň ençemesini taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Bu desgalar maddy medeni desgalar bilen birlikde, türkmen halkynyň buýsanjy bolup durýar.

Şol günlerde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) wekiliýeti Aşgabatda boldy. Wekiliýete bu agentligiň kepillikler baradaky departamentiniň bölüminiň ýolbaşçysy jenap Frederik Klaude baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar müňýyllygyň ählumumy ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň möhüm edaralary we maksatnamalary, hususan-da, MAGATE bilen bilelikde iş alyp barmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyz MAGATE bilen 2005-nji ýylyň 17-nji maýyndan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol gün Wenada ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakyndaky ylalaşyk bilen baglylykda kepillikleri ulanmak baradaky ylalaşyga hem-de bu ylalaşyga degişli teswirnama gol çekildi. Bu resminamalar şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanyldy.

15-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça Merkezi Aziýadaky müdiriýetiniň golaýda wezipä bellenen sebit wekili hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine ýokary baha berip, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça Merkezi Aziýadaky müdiriýetiniň milli, sebit we ählumumy maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça Merkezi Aziýadaky müdiriýetiniň wekiline ýurdumyzyň Hökümetiniň neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, bütin adamzada uly howp salýan neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen görýän çäreleri barada habar berildi.

15-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Primož Şeligo bilen bolan duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-slowen hökümetara toparynyň Lýublýanda geçiriljek mejlisiniň gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamyndaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek baradaky pudagara toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda pudagara topary tarapyndan dünýä tejribesini hem-de türkmen halkynyň demokratik däp-dessurlaryny nazara almak bilen, döwletimiziň we jemgyýetiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça uly işleriň geçirilendigi bellenildi. Hususan-da, milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň strategiki esaslary hökmünde milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, pudagara topary hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň seljermesini amala aşyrdy hem-de Türkmenistanyň Mejlisine adam hukuklary ulgamyndaky halkara kadalaryny milli kanunçylyk bilen sazlaşdyrmaga, bu ugurda özgertmeleri durmuşa geçirmäge degişli teklipleriň birnäçesini iberdi.

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda täze çemeleşmeler kesgitlenildi.

Paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen duşuşygyň barşynda gatnaşyklarda innowasion işjeňligi ösdürmäge we höweslendirmäge aýratyn üns berildi. Meşhur amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda “Case New Holland” we “CNFA” kompaniýalarynyň hünärmenleri innowasiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary babatda öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim edip, geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny giňeltmek, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak meýlini tassykladylar.

Işewürler Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda nebitgaz energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maglumatlar tehnologiýalary, saglygy goraýyş, ylym we bilim, maliýe işi ulgamlary boýunça wekiller bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk hem-de açyklyk syýasaty dünýäniň ähli döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşular bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Goňşy Owganystana ynsanperwerlik ýükleriniň nobatdaky tapgyrynyň ugradylmagy halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine berk eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy bolmak bilen, hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde taslamalaryň birnäçesini, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektrik energiýasy, suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek baradaky taslamalary amala aşyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyz Owganystana yzygiderli ýardam berip, tutuş sebitiň bähbitlerine däp bolan gatnaşyklary has-da ösdürmäge meýillidigini tassyklaýar.

2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Olar 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek esasy dabaralaryň hem-de çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Ýokary derejedäki halkara maslahaty esasy waka bolar. Oňa döwletleriň baştutanlary, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary çagyrylar. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilişi barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen “Ferien-Messe Wien” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy şu ýylyň ilkinji aýynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Her ýyl ýanwar aýynda geçirilýän bu sergi dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynyň ussatlaryny jemledi. Olaryň bölümleriniň hatarynda milli diwarlygymyz täze gyzykly ugur hökmünde awstriýalylaryň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň bu ugry dünýä syýahatçylygynyň däp bolan abraýly ulgamlary bilen bäsdeşdik etmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň sergisiniň maksatnamasynda sport ugurly işjeň dynç alşa we ekologiýa syýahatçylygyna aýratyn üns berildi. Geljekki syýahatçylardan başga-da, türkmen diwarlygy syýahatçylyk işewürliginiň bilermenleriniň, hünärmenleriniň, ýöriteleşdirilen mahabat agentlikleriniň we marketing guramalarynyň, dünýäniň dürli ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň, ýöriteleşdirilen neşirleriň ünsüni çekdi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri tarapyndan göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri boýunça duşuşyklaryň we gepleşikleriň onlarçasy geçirildi. Olaryň birnäçesinde degişli resminamalar kabul edildi. “Aşgabatsyýahat” döwlet kärhanasynyň we Awstriýanyň “Ganesha Reisen” kompaniýasynyň ýolbaşçylary duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle hem “Pereghy Reisen” kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropadan Hytaýa çenli syýahatçylyk ugrunyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligine garaldy.

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet howa we energetika bölüminiň başlygynyň orunbasary hanym Tessa Ýantine Terpstranyň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji ýanwarda Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri — türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi taýdan açylyş dabarasy türkmen döwletiniň durmuşynda ähmiýetli waka boldy. Bu dabara Mary şäherine berlen hormatly derejä laýyklykda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere badalga berdi.

Bu dabara türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň (TURKSOÝ) hem-de Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça agentliginiň (TIKA) wekilleri, birnäçe ýurtlaryň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Makedoniýanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Gagauziýanyň (Moldowa Respublikasy), Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bolan Tatarystanyň, Başgyrdystanyň, Hakasiýanyň, Tuwanyň, Saha-Ýakudystanyň, Galmygistanyň we Altaý ülkesiniň döredijilik wekiliýetleri gatnaşdylar.

Myhmanlar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna hem-de Marynyň welaýat kitaphanasyna baryp gördüler. Bu kitaphana sebitiň ruhy durmuşynyň hakyky merkezine, ylmy we usulyýet merkezine öwrüldi.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýete Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky parlament dostluk assosiasiýasynyň başlygy jenap Kweon Sýong-Dong ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Elmar Mamedýarowyň we Mewlü Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda iki dostlukly ýurduň wekiliýetleri Aşgabada geldi.

Gepleşikleriň barşynda uly kuwwata eýe bolan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy, gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly üç ýurduň degişli edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek bilen baglylykda dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary “Owganystan-Türkmenistan Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe” ulag geçelgesiniň döredilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Bu geçelge geljekde dostlukly döwletleriň çäklerinde döredilýän häzirki zaman sebit we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegi bolup biler. Ulag babatdaky hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisiniň tagallalaryny birleşdirmek, multimodal gatnawlary ösdürmäge ýardam etmek we amatly şertleri döretmek maksady bilen, taraplar üç döwletiň ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramagyň möhümdigi barada ylalaşdylar.

Umumy pikire görä, Prezidentleriň derejesindäki üçtaraplaýyn duşuşyk tutuş sebiti ösdürmäge saldamly goşant bolar. Bu duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi we 2015-2017-nji ýyllarda türkmen-azerbaýjan-türk hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi.

Ýanwar aýynyň ahyrynda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi geçirildi. Ol ýurdumyzyň mebel önümçiligi pudagynyň gazanýan üstünliklerini, öý hojalygy üçin senagat harytlaryny öndürmek ulgamynda telekeçiligiň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljegini görkezdi.

Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine uly gyzyklanma bildirýän Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Eýranyň, Belarusuň iri kompaniýalarynyň 30-synyň wekilleri öý we edara bezegi ulgamynda täze tekliplerini hödürlemek üçin sergä geldiler.

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Wilnýusda geçen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-litwa hökümetara toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça deňiz ulagy we port işi ulgamynda tejribe alyşmagy dowam etmek, iki ýurduň portlarynyň üsti bilen harytlary ibermek we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda hökümetara topary ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge üns bermegi maslahat berdi.

2015-nji ýyl türkmen türgenleri üçin hem örän şowly başlandy. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyza dürli derejedäki medallary getirmegi başardylar.

Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda türgenlerimiz sekiz medala (üç kümüş we bäş bürünç medala) eýe boldy. Dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýynyň gatnaşan Aziýanyň birinjiliginiň öňüsyrasynda türkmen türgenleri Kataryň 2-nji halkara kubogy ugrundaky ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.

Ýaş türkmen futbolçylary hem oňat netije görkezmegi başardylar. Olar geçen aýda Russiýanyň demirgazyk paýtagty bolan Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Arkalaşygyň kubogy” atly XXIII halkara ýaryşynda iň gowy toparlaryň dörtlüginiň hataryna girmegiň hötdesinden geldiler. Bäsleşige ýaşlardan düzülen 12 toparyň (1994-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyklar) gatnaşandygyny nazara alsaň, türgenlerimiziň çykyşyny üstünlikli diýip atlandyrmak bolar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle möhüm netijä gelmek bolýar: sportuň olimpiýa görnüşi bolýan futbol boýunça milli ýygyndymyzyň geljegi uludyr. Ol abraýly halkara ýaryşynda hem mümkinçiliklerini görkezmegi başardy.

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça dünýä kubogynyň tapgyrynda hem uly üstünlige eýe boldular. Ýurdumyzyň sport ulgamyndaky üstünlikleriniň üsti ýedi medal—iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medal bilen ýetirildi. Bu medallar sambonyň iki görnüşinde gazanyldy.

Türkmen türgenleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular. Bu abraýly ýaryşa Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 180-e golaýy gatnaşdy. Olar medallaryň 10 toplumy ugrunda öz aralarynda bäsleşdiler.

Geçen ýanwar aýynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň hödürlenen syny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrylýan ugrunyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan geçirilýän ägirt uly we tutanýerli işiniň diňe bir bölegidir. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan şol ugry bolsa ählumumy bähbitleriň ýakynlaşmagyna hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça netijeli we oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter