Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 18.02.2015 // 956 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň “Asuda” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy serhet galasynyň ýanyndaky meýdançada saklandy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar garşyladylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň şahsy düzümini we “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň agzalaryny serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.

Harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň gutlagyna bilelikde “Ura, ura, ura!” diýmek bilen jogap berdiler.

Şol pursatda Türkmenistanyň Döwlet serhe gullugynyň “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ýaşa, Arkadag!” atly aýdym ýaňlanýar. Munuň özi türkmen halkyna bagtyýar, abadan we parahat durmyşy peşgeş eden milli Liderimize çuňňur hoşallygy alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň baş girelgesine barýar.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Bu günki çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz binalar toplumynyň açylyşyna ak pata berip, onuň toý bagyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyz mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň goragynda berk durýan gaýduwsyz serhetçileriň döwrebap gullugy, söweş endiklerini ele almagy, türgenleşik geçmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän gulluk jaýyna tarap ugrady.

Döwlet serhet gullugynyň “Asuda” serhet galasynyň täze döwrebap binalar toplumy bu ugurda ýerine ýetirilýän işler milli Liderimiziň başlangyjy bilen ähli ulgamlarda, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýaýbaňlandyrylan we özygtyýarly Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň tutuş kuwwatynyň diňe parahatçylygyň goragyna gönükdirilendigine aýratyn ähmiýet berýär. Goşun düzümlerini kämilleşdirmek bilen, döwletimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem tutuş sebitde parahatçlygygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýan hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarlydyr we şeýle bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ugra gönükdirilendir. Ýurtda howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bir maksada gulluk edýän, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň goraglylygy bu derejäniň esasy ugrudyr.

Döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň täze binalar toplumy bilen tanyşlygyny düzümiň aragatnaşyk otagyndan başlaýar. Ol iň häzirikzaman tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylyp, häzirki zamanyň harby ylmynyň täze gazananlary, ýöriteleşdrilen tehnikalary bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerde oturdylan monitorda “Asuda” serhet galasyna degişli çäklerde Döwlet serhediniň gije-gündiz goraglylygyny görkezýän enjamlar hereket edýär. Onuň kömegi bilen şol çäklere wideogözegçilik edip bolýar we elektron tehnologiýasy arkaly habarlaşylýar.

Serhetçileriň ygtyýarynda bar bolan täze aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri döwlet serhet gullugynda ýüze çykýan ýagdaýlara dessine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan enjamlaryň artykmaçlyklary, mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, serhetçileriň döwrebap tehniki serişdelerden baş çykaryşlary bilen gyzyklandy.

Serhet gullukçylary özleri üçin döredilen şertler, mümkinçilikler üçin ýrdumyzyň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde durýan mukaddes wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine ynandyrdylar.

Serhet gullugynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy we şahsy düzümiň hünär taýdan kämilleşdirilmegi döwrüň möhüm meselesi bolup durýar diýip bellemek bilen, mill Liderimiz türkmen döwletiniň garaşsyzlyk ýyllary içinde bu meselelere möhüm ähmiýet berip gelendigini aýtdy.

Öňde goýlan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletde bolşy ýaly, Türkmenistanyň deňiz we guryýer çäkleriniň ygtybarly goragynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serhetçileriň söweş we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygyny we tertip-düzgünini berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli güýçlendirlmelidigini aýtdy we türkmen esgerleriniň gaýduwsyz ata-babalarymyzyň köp asyrlyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmelidiklerini belledi.

Serhet galasynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz serhetçileriň ýatak jaýy bilen gyzyklandy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz serhetçileriň durmuş üpjünçiligine, arassaçylygyna degişli ähli zerur serişdeleriň görnüşleri, olaryň yzygiderli üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu ýerde serhetçileriň gulluklary bilen bir hatarda, olaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýatylýan otagy gözden geçirip, milli Liderimz bu ýere ýygnanalaryň ünsüni ýaş esgerleriň göwnejaý dynç alşyna, olaryň gullukdan boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerine aýratyn ähmiýet bermäge çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň gulluk-durmuş maksatly otaglaryny gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň naharhanasyna baryp gördi. Bu ýerde ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hereket edýär. Milli Liderimiz bu ýerde gulluk edýän aşpezleriň iş şertleri, aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de taýýarlanylýan tagamlaryň görnüşleri, olaryň ýokumlylyk derejesi bilen içgin gyzyklandy. Hormatly Prezidentimz serhetçileriň ýokary derejede gulluk etmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin bolşy ýaly, olar üçin taýýarlanýan tagamlaryň degişli kada laýyk gelmegi babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy naharhanada çaý başynda serhetçi esgerler bilen söhbetdeş boldy. Şeýle hem milli Liderimiz serhetçiler bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň gulluk we durmuş şertleri, geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

Siz, bir zady biliň, Watan goragy—bu mukaddes harby we raýatlyk borjuňyzdyr. Ony päk söýgi, Watana wepalylyk, harby kasama ygrarlylyk bilen gulluk etmek arkaly, siz bütin dünýä taryhynda öçmejek yz goýan gaýduwsyz we beýik pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam etmelisiňiz-- diýip, hormatly Prezidentimiz söze başlady we ýaş esgerleriň öňünde durýan wezipelere abraý bilen hötde geljekdigine hem-de özygtyýarly Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durjakdyklaryna ynam bildirdi.

Serhetçiler atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň goragynda berk durjakdyklaryna, halkymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň batyrgaýlyk bilen görkezýän harby ussatlygyna eýermek bilen, serhetçiler bu ýörelgäniň özleri üçin mähriban Watanymyza, halkymyza bolan söýginiň, edermenligiň nusgalyk mekdebidigini bellediler.

Soňra serhetçiler özleriniň ukyplaryna görä başarnyklaryny
aýdym-sazyň, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etmek üçin hormatly Prezidentimizden rugsat soradylar. Şeýlelikde. serhetçiler dutar çalyp aýdym aýtdylar, üflenip çalynýan saz guralynda we akordeonda ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olaryň käbiri goşgy ýazmak bilen meşgullanýandyklaryny mälim edip, täze döreden goşgularyndan okap berdiler. Serhetçileriň ýerine ýetiren aýdymlary, sazlary, okan goşgulary mähriban Watanymyzyň ýeten derejesiniň, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň halkymyz üçin eçilýän eşretiniň waspy bolup ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerlere minnetdarlyk bildirip, olaryň gulluklarynda abraý gazanmaklary we mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetlerini mynasyp derejede goramaklaryny arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýeri gelende aýtsak, serhet galasynyň täze binalar toplumynyň hatarynla döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýkylykda, serhetçi itleriň we bedew atlaryň göwnejaý derejede saklanmagy üçin ýöriteleşdirilen ýataklar hem gurlupdyr. Olarda serhetçi itleri we atlary saklamak, olar bilen zerur bolan türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli amatlyklar, zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. Bu bolsa Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan itleriň we bedewleriň işiniň, olaryň hereketiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaýyna tarap ugrady. Milli Liderimiz täze jaýyň öýlerinde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Täze öýe göçüp gelen bagtyýar serhetçiler maşgalasy hormatly Prezidentimizi güler ýüz bilen garşyladylar. Ähli amatly şertler bilen üpjün edilen öýlerde döwrebap mebeller, durmuş tehnikalary bar. Şeýle hem täze jaýyň ýanaşyk ýerinde çagalar üçin oýun meýdançasy gurlupdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalary bilen gürrüňdeş bolup, olary täze jaýa göçüp gelmekleri bilen gutlady we olaryň döwrebap öýlerde bagtyýar ömür sürmegini arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin döredilýän amatlyklaryň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy we täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlar gowşurdy.

Bagtyýar maşgalanyň agzalary serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin döredilýän amatlyklara tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýtmak bilen, şeýle ajaýyplyklaryň abadan we hemmetaraplaýyn ösen ýurtda amal bolýandygyny bellediler.

Harby gullukçylaryň göwnejaý gullugy we döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet serhet gullugynyň başlygyna gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan gurluşyklara, aýratyn-da döwrebap serhet galalarynyň, Döwlet serhediniň bitewüligini we eldegrilmesizligini goramak ýaly jogapkärli hem-de hormatly wezipäni ýerine ýetirmek üçin gulluk jaýlarynyň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Çünki mähriban topragymyzyň parahatçlygynyň we asudalygynyň, onuň beýik gazananlarynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýeten derejesiniň goragynda durýan serhetçiler üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýadygärlik ýazgysyny ýazdy.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhet galasyna sowgat hökmünde ýörite awtoulagyň açaryny gowşurdy.

Bu ýere ýygnananlary ýene bir ýola şanly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylgyny we gulluklarynda uly üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter