Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

опубликованно 25.02.2015 // 801 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallygyny beýan edip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem Gyrgyzystana gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy. Ol şeýle hem goňşy ýurduň baştutanynyň ýakynda Türkmenistana bolan ilkinji resmi saparyny mähir bilen ýatlaýandygyny we şonda özüniň myhmansöýerlik bilen kabul edilendigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň DIM-niň ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň bu gün durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklap, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşmelerini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Myhman pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň şu ýyl bellenilýän 20 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek ähli çärelere Gyrgyzystanyň işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Gyrgyz Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygyna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ozaly bilen abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Iki ýurduň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, olaryň uzak möhlete gönükdirilen hyzmatdaşlygy ugur edinýändigi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam berýär.

Iki tarapyň hem umumy pikirine görä, geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleriniň netijeleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde-de ösdürmäge täze kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz we myhmany ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirililişiniň barşy barada pikir alyşmak bilen, türkmen Lideriniň şu ýyl Bişkege boljak saparynyň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi tutuşlygyna goldaýan iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Turuwbaşdan özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, wajyp ugurlaryň birnäçesi,
hususan-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, aragatnaşyk, ulag we medeni - gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňdirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, iki döwlet hem bu ugurlary ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara toparynyň mejlisini hem-de Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günlerini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň şu ýyllaryň içinde iki döwletiň hem-de tutuş sebitiň bähbitlerine özara ynanyşmak we döredijilik ýoly bilen öňe barýandyklaryny kanagatlanmak bilen nygtap, döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de täze möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taraplaryň taýýardygyny beýan etdiler we olaryň iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigini bellediler.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žanyş Rustenbekow gatnaşdy.

***

23-24-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk-de özara hereket etmegiň anyk ugurlary kesgitenildi. Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we berkitmegiň mümkinçiliklerini bellediler.

Syýasy geňeşmeler tamamlanan soň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri ýaş türkmen diplomatlary bilen duşuşyk geçirdi hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter