Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi

опубликованно 26.02.2015 // 814 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamany we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol eýran tarapynyň Türkmenistanyň bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Jenap Abbas Ahmad Ahundiniň nygtaýşy ýaly, Eýranda ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär we parahatçylyk söýüji türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleri ruhubelentlik bilen kabul edilýär. Şunda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň sebit we ählumumy möçberde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, Türkmenistanyň hem Eýran bilen hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Eýranyň halkyny türkmen halky bilen gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-ruhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda işewür gatnaşyklary höweslendirmekde we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň, şeýle hem yzygiderli geçirilýän sergileriň hem-de işewürler maslahatlarynyň möhüm ornuny bellediler. Söwda-ykdysady ulgam bolsa şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu günler türkmen paýtagtynda dowam edýän Eýran Yslam Respublikasynyň Х ýöriteleşdirilen sergisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sergide goňşy döwletiň esasy kompaniýalary we senagat merkezleri özleriniň önümlerini hem-de tehnologiýalaryny görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, şu sergä, şeýle hem oňa gabatlanylyp geçirilýän işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eýranyň wekiliýetiniň düzüminiň uly bolmagy hem eýranly hyzmatdaşlaryň işjeň ösdürilýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen bazarynda bolsa dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we giň mümkinçilikler döredildi. Pursatdan peýdalanyp, myhman döwlet Baştutanymyza bu çäreleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we taraplaryň häzirki ýagdaýlary hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar. Şunda myhman Eýranda Prezident Hasan Ruhaniniň Türkmenistana boljak saparyna hem-de Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýändigini aýratyn belledi. Şol gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri giriziler.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ulgamda sebit we halkara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek boýunça örän ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Bu babatda Demirgazyk-Günorta halkara demir ýoly umumy tagallalaryň üstünlikli birleşdirilendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eýran tarapynyň bu ileri tutulýan ulgamda hyzmatdaşlyk etmek baradaky teklipleri beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundi dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaegani gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter