AzerTAj we Trend TDH-nyň media hyzmatdaşlary boldular | TDH
Syýasat habarlary

AzerTAj we Trend TDH-nyň media hyzmatdaşlary boldular

опубликованно 28.02.2015 // 882 - просмотров
 

Baku, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi — TDH bilen Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) arasynda maglumatlar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň ýaly Ylalaşyga TDH bilen Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi bilen hem gol çekildi.

TDH-nyň ýolbaşçylygynyň belleýşi ýaly, bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda, Türkmenistanyň maglumatlar syýasaty ulgamynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar giňişligine mundan beýläk-de goşulyşmagy we ýurdumyzyň durmuşyny, döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek, Türkmen döwletiniň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde goýlan ilkinji derejeli wezipeleriň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň habarlar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek iki dostlukly goňşy ýurtlaryň arasynda iki doganlyk halkyň bähbitlerine barha giňeldilýän özara bähbitli hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň nukdaýnazaryndan has-da möhümdir. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda Azerbaýjan ýurdumyzda daşary söwda ulgamynda gatnaşyk edýän ýurtlaryň arasynda 5-nji orna düşdi. Ol 2013-nji ýylda bu ugur boýunça 17-nji orundady. Şunda, ugradylýan önümleriň möçberi ABŞ-nyň 46,44 million dollar bolanlygyndan 1,2 milliard dollara çenli artdy. Munuň özi 27 esse köpdür. Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň şunuň ýaly ösüşi habarlar ulgamynda bilelikdäki ägirt uly işler üçin ygtybarly esas döredýär.

Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, taraplar dessin habarlary, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni-gumanitar durmuşy hakyndaky seljerme maglumatlary, fotosuratlary we wideoşekilleri yzygiderli ýagdaýda özara alşarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň iş gerimini giňeltmek barada aýdylanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan TDH-nyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek boýunça agentlikde möhüm düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ýakynda bolsa wideoşekilli täzelikler bölümi döredildi. Habarlar agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşy bilen baglanyşykly milli internet saýtlaryny ösdürmek, täze tehnika we maglumatlar ulgamlaryny işläp taýýarlamak boýunça çäreleri geçirýärler. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanylan türkmen, iňlis we rus dillerinde internet giňişligine çykmak üçin taýýarlanan saýt nobatdaky täze maglumatlar önümidir.

Täze internet-ulgam Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwerlik syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine gabatlanylyp geçiriljek dabaraly çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen döredildi.

Şu gün Bakuda bolup geçen çäre bilen baglanyşykly gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, Trend agentliginiň 1995-nji ýylda Azerbaýjanda esaslandyrylan garaşsyz habarlar agentligidigini we onuň Günorta Kawkaz hem-de Hazarýaka sebitinde bolup geçýän täzelikleri habarlar giňişligine ýaýradýan agentlik bolup durýandygyny bellemelidiris. Agentlik tarapyndan her günde bäş dilde — azerbaýjan, rus, iňlis, pars we arap dillerinde täzelikler, seljerme synlary we multimediýa maglumatlary çap edilýär.

AzerTAj Azerbaýjanyň 1920-nji ýylda esaslandyrylan ilkinji milli habarlar agentligidir. Häzirki wagtda ol alty dilde—azerbaýjan, iňlis, rus, fransuz, nemes we arap dillerinde bu ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni, saglygy goraýyş, sport, ekologiýa we beýleki ulgamlary hakynda dessin maglumatlary gije-gündiziň dowamynda dünýäniň maglumatlar giňişligine ýaýradýar. AzerTAj Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynyň Maglumatlar agentlikleri guramasynyň hem-de Täzelikler agentlikleriniň Ýewropa birleşiginiň agzasy bolup durýar.

2-nji martda Bakuda daşary ýurtlaryň maglumatlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda täzelikler agentlikleriniň Bütindünýä kongresiniň geňeşiniň mejlisi geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter