Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 02.03.2015 // 860 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Häkim mart aýynda geçiriljek köpçülikleýin ýowara görülýän taýýarlyk işleri we onuň barşynda 300 müň düýp bag nahallarynyň oturdylmagynyň göz öňünde tutulýandygy hakynda aýtdy.

Şeýle hem ol welaýatyň etraplarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada durup geçdi. Häkim hasabatyň çäklerinde welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny, taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamygyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, pagtaçylar üçin jogapkärli döwrüň başlanýandygyny, gowaça ekişini bellenen möhletlerde guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belläp, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede taýýarlanmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ekilen baglara göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çykyşyny welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler baradaky hasabatdan başlady.

Häkim häzirki döwürde welaýatda bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, welaýatyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyny şertlendirer diýip belledi.

Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekip, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, welaýatda oba hojalyk ekinlerini ekmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görip, oňa guramaçylykly girişmek babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, A.Öwezowy Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Begenjowy Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görlüşi barada aýtmak bilen, şu ýyl welaýatda gök ekinleri ekmek üçin 200 gektar ýeriň bölünip berlendigini, gowaça ekişini bellenen möhletlerde guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur çäreleriň görlendigini habar berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça geçiriljek ählihalk ýowarynya taýýarlyk, şanly seneler mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk guralmalydygyny, pagtaçylar we beýleki kärendeçiler üçin jogapkärli döwür bolan ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, oňa işjeň gatnaşylmalydygyny, ekilen baglara talabalaýyk ideg edilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler we maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň senagat düzümini yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.

Häkim gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge, gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäreleriniň işjeň geçirilmegi boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek, möwsümiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmegi ugrunda agrotehniki çäreleri berk berjaý etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek çärelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň, ekilen baglara gowy ideg etmegiň we olary wagtly- wagtynda suwarmagyň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň ýagdaýy, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işiniň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýratyn durup geçdi.

Häkim häzirki döwürde welaýatda bar bolan 200 müň gektar bugdaýa edilýän ideg işlerigök ekinleriň ekiljek meýdanynyň 700 gektara ýetiriljekdigi, welaýat boýunça 165 müň gektara gowaça ekiljekdigi barada habar berdi. Şeýle hem ol ählihalk ýowar gününde 300 müň düýp bag nahallarynyň oturdyljakdygy hakynda aýtdy. Bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda ähli zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, wagtynda gurlup gutarylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipesidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň etraplarynyň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, B.Öwezowy Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine, A.Çaryýewi Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şäheriň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, şanly senelerimizi mynasyp garşylamak babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz ak mermere beslenýän Aşgabadyň ähli babatda dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, bar bolan bag nahallara göwnejaý ideg etmek, abadanlaşdyryş işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda, daşky gurşawy aýawly goramak maksady bilen ekologiýa taýdan ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine Halkara zenanlar güni bolan 8-nji Mart baýramyna bagyşlap, ähli ýerde dabaraly çäreleriň guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz alnyp barylýan işlere göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter