Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna resmi saparyny tamamlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna resmi saparyny tamamlady

опубликованно 04.03.2015 // 804 - просмотров
 

Ankara-Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary mahalynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegine gönükdirilen ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň ýarawsyzlygy sebäpli Türkiýe Respublikasyna guran saparyny möhletinden öň tamamlap, Watanymyza geldi.

Ankaranyň “Esenboga” howa menzilinde milli Liderimizi doganlyk ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

***

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menziliniň VIP zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, Türkmenistanyň ilatynyň durmuş ulgamynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine bagyşlanan birnäçe meselelere garaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeli bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňde boljak möhüm çärelere taýýarlygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter