Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde türkmenistanlylara baý medeni maksatnama garaşýar | TDH
Medeniýet

Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde türkmenistanlylara baý medeni maksatnama garaşýar

опубликованно 15.12.2017 // 1068 - просмотров
 

Hökümetiň mejlisinde wise-premýer A. Garajaýewiň habar berşi ýaly, täze, 2018-nji ýyly garşylamaga işjeň taýýarlyk görülýär. Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde konsertler hem-de beýleki döredijilik çäreleri geçiriler.

Baýramçylyk maksatnamasynda Russiýa Federasiýasynyň 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek sirk artistleriniň çykyşlary bar. 15-nji dekabrda welaýatlaryň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde oturdylan Baş arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagyndan çagalar döredijilik toparlarynyň, teatr we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly çäreler badalga alýar. Ýaş zehinli aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleri jemleniler hem-de onuň ýeňijileriniň jemleýji konserti geçiriler.

Magtymguly adyndak milli sazly drama teatrynda türkmen hem-de amerikan aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Gökderäniň we welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde hem Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirmek maksat edinilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanylan ähli dabaralaryň şadyýanlyk, bolçulyk we myhmansöýerlik ýagdaýynda giňden we nurana geçirilmelidigini nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter