Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

опубликованно 08.03.2015 // 822 - просмотров
 

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün, dynç gününde boş wagtlaryny at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk toplumyna geldi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, at münmek bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň at gazanan halypa çapyksuwary diýen hormatly derejä eýe bolan, “behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan we olaryň edim-gylymlaryna, hüý-häsiýetlerine belet bolmak bilen, däbe görä, bedewler bilen didarlaşdy.

Milli Liderimiziň agtygy Dosthan atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy we ony öz erkine goýberdi. Bu görnüş agtygyň at çapmak ýaly örän çylşyrymly we jogapkärli hünäre bolan höwesiniň hem-de yhlasynyň netijesidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz agtygy bilen ahalteke bedewleri, türkmen atşynaslarynyň we zehinli seýisleriniň dünýä beren milli gymmatlygy barada söhbet etdi.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna at çapmagyň inçe tilsimleri, eýerde ykjam oturmalydygy, jylawyň tutuş usullary, şeýle hem at çapýanyň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy bilen baglanyşykly birnäçe öwüt-ündewleri berdi. Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň agtygy atasynyň göreldesine eýerip, hoşgylaw we duýgur atlara uly kanagatlanma duýgusy bilen garaýar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň agtygy toplumda idedilýän naýbaýşy bedewleriň biri bolan “Dowamat” atly ata atlanyp, ýene-de çapuw ýodasyna çykdy. Onuň uçganaklap duran bedewe erjellik bilen erk edişi, aty öz erkine goýbermegi türkmen ilinde ähmiýetli hasaplanýan çapyksuwarlyk ýörelgeleriniň kämil derejede dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýörite at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at münmäge bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini şertlendirýän ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň agtygynyň ýetginjek çapyksuwarlarynyň arasynda guralan at çapyşygyna gatnaşyp, ýeňiji bolandygyny bellemek ýerlikli bolar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen atlaryna aýratyn mähirli garamak bilen, asylly ýörelgäniň üstünlikli dowam etdirilmeginiň möhümdigini tekrarlaýar. Milli Liderimiz agtygy bilen bolan söhbetdeşlikde geçmişde türkmen bedewleriniň gazanan şöhraty, olaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri ata – babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň has möhümleriniň biridir. Ahalteke atlary häzirki döwürde halkymyzyň guwanjyna öwrülmek bilen, ýurdumyzda olaryň şöhratynyň dünýä dolmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, eýesine wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar we suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançly wakadyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular ençeme asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň yzygiderliligini alamatlandyryp, bedewe bolan söýginiň we sarpanyň ýaşuly nesilden ýaş nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz- tagallasy bilen “behişdi bedew” halkymyzyň ileri tutýan milli ugurlarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça berjaý edilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar, şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymy milli mukaddeslikleriniň dikeldilmegine gönükdirilen syýasatynda ahalteke bedewleriniň, türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň at-abraýynyň dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär,
şol mukaddeslikleriň arasynda ahalteke bedewlerine hem aýratyn orun degişlidir. Şol at-abraý türkmen çapyksuwarlarynyň halkara bäsleşiklerinde we ýaryşlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagynyň netijesinde barha artýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň bedew badyna meňzedilmegi hem ýöne ýerden däldir.

Milli Liderimiz we agtygy atly gezelenji tamamlap, bedewleri athana alyp geldiler. Olara ideg etmek bilen, döwlet Baştutanymyz agtygy bilen bu ýerden ugradylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter