Döwlet baştutanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet baştutanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar

опубликованно 14.12.2017 // 1029 - просмотров
 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra Türkmenistan sebitde durnuklylygyň kepiline öwrüldi. Siziň başlangyjyňyz boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Siziň ýurduňyzyň sebitde we bütindünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Türkiýe geljekde hem Siziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyňzy goldar diýlip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen hatynda bellenilýär.

Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi biziň ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurdyr. Siziň Alyhezretiňiziň öňden görüjiligi netijesinde alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine geçirýän oňyn işleriniň netijeliligini şertlendirýär diýlip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hatynda aýdylýar.

Bu baýram türkmen halkynyň parahatçylykda we sazlaşykda ýaşamak isleýändigini aýratyn aýdyň beýan edýär hem-de sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Pakistany we Türkmenistany parahatçylyga, abadançylyga we ykdysady ösüşe ýetmekde umumy maksatlar birleşdirýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky bar bolan ýygjam we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde özara bähbitli ähli ugurlarda geljekde hem pugatalandyryljakdygyna ynanýaryn diýlip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn belleýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter