Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak – geljegiň binýadyny berkitmek | TDH
Medeniýet

Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak – geljegiň binýadyny berkitmek

опубликованно 12.12.2017 // 943 - просмотров
 

GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII Forumynyň ikinji güni oňa gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistandan wekilleri üçin diňe bir ýurtlaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin däl-de, medeniýet, ylym we bilim, jemgyýetçilik birleşikleriniň, işewürligiň hem-de häkimiýet edaralarynyň arasynda Arkalaşygyň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamak ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde iş meýdançasyna öwrüldi.

Düýn belli sungat ussatlary, bilermenler bileleşigi tarapyndan beýan edilen bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň konsepsiýasy we wezipeleri baradaky teklipler duşuşyga gatnaşyjylara we onuň ýolbaşçylaryna bitewi ugurlara ünsi jemlemäge, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de forumyň “GDA-da maşgala gymmatlyklaryny we däp-dessurlary pugtalandyrmakda we goldamakda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyň orny” atly mesele boýunça anyk söhbetdeşligi geçirmäge ýardam berdi.

Şu gün üç bölümde -- bilim we ylym, GDA-da Medeniýet ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri taýýarlamak hem-de ýaşlar syýasaty barasynda çäreleri geçirmek boýunça döwletara gatnaşyklary meseleleri boýunça duşuşyklar hem-de pikir alyşmalar boldy. Türkmen wekiliýetiniň düzümi onuň wekillerine forumyň ähli ugurlary boýunça ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Hünärmenleriň şeýle gönüden-göni, açyklyk ýagdaýynda geçiren netijeli gepleşikleri diňe bir tejribeleri alynmaga däl-de, daşary ýurtly kärdeşleriniň iş-aladalary bilen tanyşmaga, öz ýurtlarynyň ol ýa-da beýleki ulgamda ýeten sepgitlerine dogry baha bermäge mümkinçilik berýär. Kämahallar gündelik iş aladalar bilen onuň gerimine baha bermek aňsat bolmaýar, bu işler köpsanly adamlaryň zähmetinden, gujur-gaýratyndan, başarnygyndan hem-de ylhamyndan emele gelýär.

Türkmenistanda medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ösdürilmeginiň diňe bir umumy meýilleriň çäklerinde däl-de, käwagtlar ondan has ýokary derejede ösýändigi esasy netije bolup durýar. Başga ýurtlarda bir işe ýaňy girişen bolsa, biziň ýurdumyzda bu ugurda hem-de beýleki ugurlarda eýýäm goňşy ýurtlaryňkydan pes derejede däl-de, köp babatda ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle ösüşleriň gazanylmagynda döwlet Baştutanymyz--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bardyr, milli Liderimiz öz alyp barýan syýasatynda medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň bitewi kuwwatly ugruna, adamyň, pähim-paýhasyň, ruhy mümkinçilikleriniň ösüşine jemleýär.

Forumyň guramaçylarynyň ähli çykyşlara örän çuňluk we işewürlik häsiýetini berendiklerini bellemek gerek. Mejlislere gatnaşyjylar geçirilen işler barada hasabatlary bermän, jemgyýetiň we ýaş nesilleriň geljekki ösüşleriniň bähbidine öz garaýyşlaryny paýlaşdylar, esasy wezipeler barada söhbet etdiler, olaryň birnäçesi boýunça Türkmenistanda eýýäm öz netijelliligini görkezen çözgütler bar.

Mysal üçin, ýurdumyzda kitaphana işini guramak we onuň usulyýeti, bu işiň “sanly” görnüşe geçirilmegi hem-de iri kitaphanadan başlap, uly bolmadyk etrap kitaphanalara çenli ähli serişdeleri baglanyşdyrýan bitewi elektron gaznanyň döredilmegidir. Beýleki ýurtlardan gelen kitaphanalaryň ýolbaşçylaryna hem ýurdumyzda okyjylara hyzmat edilmegine çemeleşmeleriň täzelenýändigi barada bilmek gyzykly boldy.

Ýurdumyzyň her welaýatynda hem-de paýtagtymyzda bina edilen ajaýyp, häzirki zaman tehnologiýalary we kompýuter ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan kitaphanalaryň täze binalary ozaly bilen ösüp gelýän ýaş nesil üçin niýetlenendir. Ýaşlar hemişe internete gyzygyp, özleriniň ykjam telefonlaryndan aýra düşmän, oturýan ýaly bolsalar-da, giriş we gutardyş synaglary döwürlerinde kitaphanalarda oturmaga ýer tapylmaýar, kitaplary hem wagtynda berip ýetişmek aňsat düşmeýär. Kagyzda çap edilen kitaplaryň talap edilmeýändigi hem ýene bir boş gürrüňdir. Häzirki wagtda elektron görnüşindäki çeşmeler elýeterli bolsa-da, talyplar, çagalar we beýleki ýaşdaky okyjylar kitap berilmegini haýyş edýärler, olar kitaby ellerinde saklanyny kem görmeýärler.

Umuman aýdylanda, forumyň şu gün geçirilen mejlislerinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň kitaphana we muzeý işi boýunça hünärmenleri bu ulgamlardaky iş barada emele gelen düşünjeleri ýalana çykardylar diýip aýtmak bolar, olar işjeň gatnaşyklara gönükdirilen medeniýetleriň we halklaryň hyzmatdaşlygynyň öň hatarynda bolmak bilen özleriniň döredijilikli işlerini görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Arkalaşygyň Mirasy. Geljek üçin ýörelgeler” atly köpýyllyk maksatnama görkezildi, bu maksatnama Amaly-haşam we halk sungaty bütinrussiýa muzeýi tarapyndan teklip edildi hem-de GDA ýurtlarynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasy tarapyndan goldanyldy.

Bu ugur boýunça eýýäm 2016-njy ýylda Bakuda haly dokamak sungaty boýunça sergi we maslahat guraldy, oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar we Moskwada ýurdumyzyň Russiýadaky Medeniýet günlerine gabatlanyp, türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýakyn ýyllarda bilelikdäki sergileri guramak, muzeý gymmatlyklaryny rejelemegiň usulyýeti boýunça ussatlyk sapaklaryny hem-de tejribelik okuw-maslahatlaryny geçirmek, ýörite kataloglary we albomlary kagyz ýüzünde we elektron görnüşinde neşir etmek maksatnamanyň meýilnamalaryny düzýär. Göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda 2020-nji ýylda Başkortostanyň paýtagty Ufada geçiriljek Bütindünýä Folkloriadany görkezmek bolar. Bu çärä eýýäm häzirden taýýarlanmak gerekdir.

Täze teklipler ara alyp maslahatlaşylýan mahalynda “goramak” we “gorap saklamak” diýen adalgalaryň halk döredijiligi babatynda tapawutlandyrylmagy üçin örän möhüm bellik edildi. Ony halkdan goramaly däl-de, halk üçin gorap saklamaly, ony häzirki döwrüň derwaýyslyklary nazara alnyp aňýete ornaşdyrmaly. Bu ugurda hem Türkmenistandan görelde almaga mysallar köpdür – biziň ýurdumyzda milli miras diňe bir eldegrilmeýän muzeý gymmatlyklary bolman, munuň özi döredijiligiň we dowamatlylygyň üznüksiz ýörelgeleridir, olar bizi baýramçylyklarda hem-de gündelik durmuşda, häzirki zaman sungatynda, halkymyzyň aňýetinde – ähli ýerde gurşap alýar.

Forumda şeýle hem, şol sanda türkmen wekiliýeti tarapyndan hem goldanylan, GDA-nyň “Arkalaşygyň Ýyldyzlary” atly baş döwletara baýragyna ýene bir ugry – “GDA ýurtlarynyň halk döredijiligini we däp-dessurlaryny gorap saklamaga goşandy üçin” diýen bäsleşigi girizmek baradaky teklip aýdyldy.

Şu gün Moskwa forumynyň çäklerinde geçirilen beýleki taslamalaryň tanyşdyryş çäreleriniň hatarynda “GDA tekst hökmünde” atly tanyşdyryş çäresini görkezmek bolar. Ol halklaryň edebi mirasynyň goralyp saklanylmagyna gönükdirilendir we edebiýaty öwreniş hem-de ýurdy öwreniş iki ugry özünde jemleýär. Taslamada diňe bir aň-düşünje ýaýradyş hem-de barlag işleri däl-de, terjimeçilik mekdepleriniň goldanylmagy, GDA-nyň medeniýet we bilim merkezleriniň, etniki toparlarynyň, syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem göz öňünde tutulýar (nusgawy eserleriň, taryhy romanlaryň wakalarynyň bolup geçen ýerleri boýunça edebi ýörişleri guramak –örän gyzykly pikir).

Umuman, beýan edilen teklipler az bolmady, işjeň pikir alyşmalar we garaýyşlar özara baglanyşykly iň ähmiýetli meseleleri açyp görkezdi, umumy wezipeleri we meýilleri kesgitledi. Görnüşi ýaly, bularyň ählisi maşgala diýen çuň düşünjeden gelip çykýar. Maşgala adamyň iň ýakyn gurşawydyr. Ol maşgalada terbiýe alýar hem-de şahsyýet hökmünde kemala gelýär, maşgala adamyň raýat we watançy hökmünde kemala gelmegi üçin özboluşly jemgyýetdir. Maşgala ýurt hökmündedir – bu ata öýüň mähriban künjegidir, ahyrynda maşgala hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklara esaslanýan ýurtlaryň Arkalaşygydyr. Şeýle Arkalaşygyň üstünlikleri ony tutuş dünýäniň çägi möçberinde giňeltmäge mümkinçilik berer –bütindünýä bir maşgaladyr. Halklaryň her biriniň täsin medeniýetiniň hem-de milli barabarlygynyň çeşmelerini gorap saklamakdan başlamak gerek.

Bu parahatçylyk döredijilikli taglym Garaşsyz türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynyň esasynda goýlandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de Milletler birleşigi tarapyndan goldanylan Halkara Bitaraplyk gününi esaslandyrmak baradaky teklip tutuş adamzada siwilizasiýanyň baş baýlygy – adam ömrüniň gymmatlygyny gorap saklamaga çagyryş bolup ýaňlanýar, şu gün Halkara Bitaraplyk güni bu hukuk derejesinde ilkinji gezek bellenilýär.

... GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII Forumy jemleýji rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy, onda 2017-nji ýylda bilelikde geçirilen çäreleriň tejribesi we netijeleri umumylaşdyryldy hem-de öňde boljak GDA-da Medeniýet ýylynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegi bellenildi. Bu resminamada halklaryň maddy we ruhy mirasynyň goralyp saklanylmagynyň, onuň wagyz edilmeginiň, şol sanda multimediýa ulgamlaryny ösdürmegiň üsti bilen ýaýradylmagynyň, teatr, kino, saz, wizual sungatlaryň täze görnüşleri ulgamynda ýaşlaryň döredijilik we bilim başlangyçlarynyň höweslendirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Rezolýusiýada şeýle hem ýaş taryhçylarynyň, arheologlaryň, ekologlaryň, terjimeçileriň, žurnalistleriň gatnaşmagynda köptaraplaýyn taslamalary işläp taýýarlamak, sport, sagaldyş we meýletinçilik hereketleri babatynda başlangyçlaryň goldanylmagy maslahat berilýär. GDA-da Medeniýet ýylyndan soňra 2019-njy ýyl Arkalaşykda Kitap ýyly diýlip yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter