Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti | TDH
Medeniýet

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti

опубликованно 12.12.2017 // 1232 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.

Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik toparlary, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni şu ýyl ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilip, ol özygtyýarly döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasyny emele getirdi.

Bitaraplyk sazlaşykly ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän möhüm şertleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” şygary bilen halk hojalygynyň ähli ulgamynda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçrilýär. Jemgyýetiň agzybirligini we bitewiligini, demokratik esaslaryny pugtalandyryp, halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün edip, döwrebap obalary we şäherçeleri, senagat toplumlaryny bina edip, biz döwletimiziň özygtyýarlylygyny pugtalandyrýarys diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bitaraplyk – parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan nurana ýol. Biziň ýurdumyz parahatçylygy we ylalaşygy kemala getirmegiň bähbidine daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň tagallalaryny jebisleşdirýär, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinde gatnaşyklary ýola goýýar.

2017-nji ýyl Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolmak bilen, Watanymyzyň ýylýazgysyna hemişelik girdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy esasynda ykrar edilýär. Oňa laýyklykda, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Mukamlar köşgünde hakyky baýramçylyk dabaralaryna mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresi “Dokmaçylar” folklor toparynyň “Bitarapdyr Arkadagly Diýarym!” atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Onda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi öz beýanyny tapdy.

Dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bu ýerde guralan konsertiň özenini düzdi. Ol mähriban topragymyzyň nurana geljeginiň bähbidine ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyny öňe sürýär. Türkmen halkyna mahsus bolan belent ruhy gymmatlyklar zehinli sungat ussatlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan sazly - sahna çykyşy asyrlaryň dowamynda diňe bir halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde däl, eýsem, medeni taýdan kämilleşmekde, ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu gadymy ýoluň medeniýetleriň gatnaşygyny ýola goýmakda möhüm orun eýeländiginiň özboluşly beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda neşir edilen “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eser bada-bat giň okyjylar köpçüligini özüne çekdi. Onda milli-medeni gymmatlyklar, däp-dessurlaryň özboluşlylygy bilen tanyşmaga we türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösmegine goşan ägirt uly goşandyna göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.

“Her bir ugry UNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmäge mynasyp Beýik Ýüpek ýolunyň emele gelmeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkynyň aýratyn tagallasy bardyr. Türkmenlere ilkibaşda gurmak, döretmek, ösdürmek, halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak, olary berkitmek, parahatçylygy saklamak, adamlaryň ähli gymmatlyklaryna baha bermek ykbaly ynanylypdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz kitabyň girişinde beýan edýär.

... Umuman, “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly örän baý mazmunly we çylşyrymly sahnany Gündogary we Günbatary ykdysady hem-de medeni ýollar bilen baglanyşdyrýan bu gadymy ugruň geçen ýurtlary boýunça özboluşly sazly syýahat diýip hem atlandyrmak bolar. Tomaşaçylar hytaý, hindi, arap, täjik, özbek, fransuz, italýan we beýleki dillerde ýaňlanan aýdymlary üns bilen diňlediler.

Soňra sahnada ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, halk we estrada aýdamlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Milli we daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleri ýurdumyzyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Sungat ussatlary özboluşly zehinleri, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldular. Bu ýerde ulanylan döwrebap tehnologiýalar sahnada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy we her bir çykyşyň täsirililigini ýokarlandyrdy.

“Mukam” ýaş skripkaçylar toparynyň çykyşy joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. “Laçyn” tans toparynyň çykyşy bilen utgaşdyrylan “Arkadagyň dostluk ýollary” atly aýdym sungatyň döredijilik kuwwatyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ösüşini, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny we mähriban Arkadagymyzyň giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini wasp etdi.

Birleşdirilen folklor topary tarapyndan ýerine etirilen küştdepdi tansynda taryh bilen häzirki döwür utgaşdy. Bu gadymy türkmen tans dessury biziň günlerimizde gaýtadan döreýşe eýe bolup, ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dünýä dursun parahat!” atly aýdym dabaranyň özbolşuly jemlenmesine öwrüldi. Bu çykyş parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesine bagyşlandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter