Daşary ýurtlaryň baştutanlary we tanymal syýasatçylar Hormatly Prezidentimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtlaryň baştutanlary we tanymal syýasatçylar Hormatly Prezidentimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler

опубликованно 11.12.2017 // 1048 - просмотров
 

Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşýan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni hakynde Kararnamany kabul etmegi bilen tassyklanyldy. Belarus Respublikasy bu çözgüdi diňe goldamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ilkinji awtordaşy bolup, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasatynyň ýörelgeleriniň ýakyndygyny görkezdi. Ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigine ynanýaryn – diýip Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hatynda bellenýär.

Halkara bileleşigi Türkmen döwletiniň daşary syýasatynda ugur alýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ýokary baha berdi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mizemezdigini bellemek isleýärin. Olar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär – diýip Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň iberen hatynda aýdylýar.

Siziň berk syýasy erkiňiz hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, jedelleri asuda kadalaşdyrmak, içerki işlere goşulmazlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ýörelgelerinden ugur alyp, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny ýöretmek babatda doly ynamyňyz bu özboluşly halkara-hukuk derejesiniň ygtybarly binýady bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi hakyky taryhy waka, dünýä bileleşigi tarapyndan Siziň şahsy tagallalaryňyzyň hem-de biziň sebitimiziň howpsuzlygyny, durnukly ösüşini üpjün etmek işine uly goşandyňyzyň ykrar edilmegi boldy.

Siziň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, ulag-aragatnaşyk we energetika düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryňyz ýokary baha mynasypdyr. Wagtyň we durmuşyň synagyndan geçen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň geljekde biziň doganlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbitlerine yzygiderli berkidiljekdigine ynanýaryn – diýip Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gutlagynda belleýär.

Belarus Respublikasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanan köpugurly belarus-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berýärler. Biziň ýurdumyza şahsy oňyn garaýşyňyz, hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak işlerine berýän goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin – diýip Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçiň iberen gutlagynda aýdylýar.

Türkmenistan bu baýramçylygy parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýynda garşylaýar. Hemişelik bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilikli strategiýasy dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi öz syýasy ösüşiniň ileri tutulýan ugry diýip yglan eden hem-de halkara kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna hem-de berkemegine ýardam edýär.

Häzir Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işini guramaga we kämilleşdirmäge goşandy örän uludyr – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew öz hatynda belleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter