Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

опубликованно 14.03.2015 // 684 - просмотров
 

Sendaý, 14-nji mart (TDH). Şu gün Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Duşuşyk ählumumy maslahatyň geçirilýän ýeri bolan Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde boldy.

Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Baş sekretary birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine barha ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä maslahatynyň işine hut özüniň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, jenap Pan Gi Mun Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda işjeň ornuny belledi, bu bolsa Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynda we häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşýan saldamly goşandynda öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, BMG-niň iri düzümleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi, bu düzümler bilen geçen ýyllaryň dowamynda we häzirki wagtda dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi hem-de geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly boljakdygyny beýan etdi.

BMG-niň Baş sekretary türkmen Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, özara ynamy berkitmekde örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly sena gabatlanyp geçirilýän çärelere we dabaralara halkara derejäniň berilmegi bellenilmeli ýagdaýdyr. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, türkmen Lideriniň alyp barýan oňyn daşary syýasat ugrunyň giň ykrarnama eýe bolandygyna şaýatlyk edýär, bu ugur bolsa ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljegi nazarda tutup, özara hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy. Türkmen döwletiniň Baştutany we BMG-niň Baş sekretary Bütindünýä maslahatynyň gün tertibine ünsi çekip, onuň jemleriniň, ilkinji nobatda bolsa 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze Çarçuwaly maksatnamasynyň ählumumy durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde dünýä bileleşiginiň ählumumy wehimleri çözmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlamaga çemeleşmelerinde tagallalary jebisleşdirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, oňyn başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi, ol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, şeýle hem beýleki möhüm maslahatlarda beýan edildi. Olaryň hatarynda Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşi ösdürmek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlary görkezmek bolar. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, sebitde hem-de ählumumy derejede hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we olar barada öz wagtynda duýdurmak, olaryň ýetirýän zyýanynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze dörän ýagdaýlara uýgunlaşmak maksady bilen täsirli gurallary kemala getirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Hususan-da, ýurdumyz tarapyndan BMG-niň howandarlygy astynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen düzümi – Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi, onuň üçin türkmen tarapy Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan möhüm resminamanyň taslamasyny – Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy ýene bir mysal hökmünde getirmek bolar, geçen ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV sammitiniň jemleri boýunça beýleki resminamalar bilen bir hatarda bu ylalaşyga hem gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sendaý şäherinde geçirilen Bütindünýä maslahatda eden çykyşy bu meseleler boýunça Türkmenistanyň üýtgewsiz işjeň ornunyň tassyknamasy boldy. Milli Liderimiz ählumumy maslahatyň gün tertibiniň möhümdigini bellemek bilen, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň öňüni almakda, olaryň ýetiren zyýanyny ýok etmekde durnukly ösüş ulgamynda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan umumy wezipeleri çözmek babatynda bilelikdäki işleri we tagallalary jebisleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýlan däp bolan Türkmenistan—BMG hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter