Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisi

опубликованно 14.03.2015 // 925 - просмотров
 

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi oldy, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer- ministri Abdurahman Mamataliýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet geldi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary duşuşygy açyp, taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa edilmegine we ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini bellediler hem-de toparyň işiniň iki ýurduň arasynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdiler.

Bilelikde işlenip düzülen maksatnamanyň netijeli gepleşigiň ygtybarly esasyna öwrüljekdigi bellenildi. Bu maksatnama hökümetara toparynyň işini, söwda-ykdysady ugurdaky, energetika pulagyndaky we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça anyk tekliplerden ybaratdyr.

Hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy goşuldy, ýangyç-energetika ulgamy, lukmançylyk, oba hojalygy, senagat, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlary we başga-da birnäçe pudaklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Mejlisiň barşynda myhmanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça halkymyzyň mundae beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Wtse-premýer-ministr Abdyrahman Mamataliýew Gyrgyz Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyny görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň geografik taýdan ýerleşişini we üstaşyr --ulag mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, strategiki ugurlaryň birnäçesi, şol sanda ykdsady we serişdeler babatda örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan Türkmenistanyň batly depgin bilen ösdürilmegine içgin üns berýän ulgamlary -- ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak babatda oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Gumanitar ugur, ilkinji nobatda bolsa bilim, ýokary tehnologiýalar, ylym we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk barada aýratyn pikir alşyldy. Galyberse-de, duşuşyga gatnaşyjylar sport we syýahatçylyk boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini biragyzdan bellediler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mundan beýläk-de netijeli döwletara hyzmatdaşlyk edilmegi üçin esasy binýadyň döredilmegi babatda umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin guralýan şeýle işjeň duşuşyklaryň möhüm ähmiýetlidigini belläp, Hökümetara toparynyň doganlyk iki halkyň bähbitleri üçin giň gerimli hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdürilmegine tjzeden badalga berjekdigine ynam bildirdiler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýetiniň türkmen paýtagtyna saparynyň çäklerinde dostlukly iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter