Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

опубликованно 14.03.2015 // 980 - просмотров
 

Sendaý, 14-nji mart (TDH). Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, 13-nji martda milli Liderimiziň Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen bolan duşuşygy döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda bolan iş saparynyň ilkinji gününiň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, dünýä giňişliginde, hususan-da, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-ýapon gatnaşykarynyň netijeli hem-de işjeň häsiýete eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany we Ýaponiýany halkara syýasatynyň esasy meselelere bolan garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň ýakynlygy baglanyşdyrýandygy nygtaldy.

Şeýle hem düýn Tokioda milli Liderimiz ýapon işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň rektory Kei Sato bilen bolan duşuşygynda gumanitar ulgamdaky, aýratyn-da, bilim babatyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

Bilim ulgamynda we ylmy barlaglary alyp barmakda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna yzygiderli ýardam berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen ylmy derejäniň berilmegi şol günüň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa iş saparynyň ikinji güni bilen baglanyşykly wakalara geçmek bilen, hususan-da, milli Liderimiziň Sendaý şäherinde BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň häzirki döwürde tutuş dünýäde bar bolan syýasy, ykdysady we durmuş ýörelgeleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek ýaly ählumumy maksatlara ýetmekde döwletleriň we iri halkara guramalarynyň has ýygjam hem-de utgaşykly gatnaşyklarynyň zerur bolup durýandygyny bellemek gerek. Biziň ýurdumyz ählumumy möçberde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ýaly häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözgüdini tapmakda dünýä bilelelşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Ýaponiýanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň guran hem-de halkara derejesinde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin zerur mümkinçilikleri döretmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýän häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň birine bagyşlanan bu forum munuň aýdyň subutnamasydyr. Maslahatyň gün tertibine girizilen baş mesele ähli ýurtlar, şol sanda bir pursatda Aşgabady weýran eden we paýtagtymyzyň, onuň töweregindäki obalaryň ýüz müňlerçe ilatynyň ömür tanapyny kesen 1948-nji ýylyň ýertitremisni başyndan geçiren Türkmenistan üçin hem ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiziň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny we oňyn ösüşi üpjün etmek nukdaýnazaryndan ýola goýulýan netijeli hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine we berkidilmegine ygrarlydygynyň nobatdaky tassyklanmasydyr.
Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň baş maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmen döwleti “açyk gapylar” syýasatyna, döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna yzygiderli eýermek bilen, sazlaşykly döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýär. BMG bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň milli daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine bolan öňdengörjüilikli we täzeçil çemeleşmeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginiň Baş Assamblýesynyň mejlislerinde we wekilçilikli halkara maslahatlarynda öňe sürýän anyk teklplerinde we başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň dünýä bileleşigi, öňi bilen bolsa BMG agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe bolýan netijeli başlangyçlary hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan yzygiderli çäreleri dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň mümkinçiliklerini we ähmiýetini äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy maslahatda öňe süren täze teklipleriniň halkara derejesinde giň goldawa eýe boljakdygy we onuň dünýä döwletleriniň derejesinde betbagtçylyklara garşy durmak kuwwatlylygyny döretmegi ugur edinýän umumy maksada ýetmekde netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň derwaýyslygy Sendaýda geçirilýän III Bütindünýä maslatahynyň ähmiýetlidigini alamatlandyrýar. Ýokary derejede geçirilen taryhy duşuşyga döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, BMG-niň iri düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Umuman maslahata dünýäniň 170-den gowrak ýurdundan wekiller gatnaşýar.

2005-2015-nji ýyllarda Hiog çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, döwletleriň we birleşikleriň derejesinde betbagtçylyklara garşy durmak kuwwatlylygyny döretmek meseleleri wekilçilikli maslahatyň esasyny düzdi. Maslahatyň işiniň jemleri boýunça Hereketleriň täze Çarçuwaly Maksatnamasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. Onda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak boýunça çäreler kesgitlendi. Munuň özi ýertitremeleriň, suw joşmalaryň, harasatlaryň we beýleki betbagtçylyklaryň netijesinde ölümiň we ykdysady ýitgileriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berer.

2005-nji ýylyň ýanwar aýynda Kobe şäherinde (Ýaponiýa, Hego prefekturasy) dünýä liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen bütindünýä konferensiýasynda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini aradan aýyrmak boýunça hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasy goldanyldy. Bu giň möçberli meýilnama BMG-ä agza ýurtlaryň 168-siniň wekilleri tarapyndan kabul edildi. Ol soňky onýyllygyň dowamynda şeýle betbagtçylyklaryň heläkçiligini azaltmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berdi.

Häzirki döwürde öňünden duýdurmak, howany çaklamak, tebigy betbagtçylyklaryň howpsuzlygy hakynda habar bermek we ony öwrenmek ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de berkidilmegi netijesinde müňlerçe adamlar halas boldular. Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilýän bu forumda tebigy betbagtçylyklara garşy durmak taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenendir. Munuň özi ösüş ulgamynda, şol sanda Müňýyllygyň jarnamasynda beýan edilen halkara derejesinde ylalaşyklan maksatlara ýetmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.

... Günüň birinji ýarymyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sendaý şäheriniň halkara merkezine geldi.

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň maslahata gatnaşyjy döwletleriň baştutanlary bilen bolan duşuşygyna gatnaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşdy.

Milli Liderimiz wekilçilikli forumyň münberinden çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ählumumy möçberde ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine umumy tagallalaryň birleşdirilmegine hem-de özara tejribe alşylmagyna gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä maslahatynyň guramaçylaryna, Birleşen Milletler Guramasyna, Ýaponiýanyň hökümetine netijeli işlemek babatda döredilen oňyn mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan şu maslahata 2005-2015-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Hiog Çarçuwaly maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Birleşen Miilletler Guramasynyň çäklerinde ozal kabul edilen tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly howplary azaltmak boýunça hereket etmegiň meýilnamasyny we strategiýasyny doly goldaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu maksatnamalaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak biziň umumy aladalarymyzy şöhlelendirýär. Şunda taglymatlaýyn babatda Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň, olary öz wagtynda duýdurmagyň we netijeli toplumlaýyn wezipe bolup durýandygyndan ugur alýar. Bu wezipe bolsa ählumumy howpsuzlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilen umumy global işiň aýrylmaz bölegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz bu ulgamda onuň ähli ugurlaryň—syýasy, ykdysady, energetika, ekologiýa, tehnogen we beýleki ugurlaryň öz aralarynda berk baglanyşyklydygyny, şonuň üçin hem tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge sazlaşykly çemeleşmeler kemala getirilende, bu ýagdaýyň göz öňünde tutulmagy zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça tagallalaryň durnukly ösüşiň geljegi uly meýilnamalaryna hem-de maksatnamalaryna yzygiderli gönükdirilmelidigi, döwletler tarapyndan ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit we halkara derejelerinde amala aşyrylýan ysnyşykly hyzmatdaşlyga daýanmalydygy baradaky pikiriň berk tarapdary bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şunuň bilen baglylykda, anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýan netijeli köptaraplaýyn gurallary döretmegiň meseleleriniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny, bu teklibi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň soňky döwürde sebitleýin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygynyň täsirli gurallaryny döretmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edendigini aýtdy.

Hususan-da, gürrüň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy barada barýar. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň şeýle merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardygyny resmi taýdan beýan edendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit merkeziniň esasy maksadynyň tehniki hem-de tehnologiki hyzmatdaşlygy höweslendirmekden, howanyň ählumumy ýagdaýda üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam bermegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we durmuşa geçirmekden ybaratdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu babatda gowşak goralan sebitde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak bu merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle düzümiň döredilmegi Merkezi Aziýada howa şertleri we ekologiýa ýagdaýy bilen şertlendirilendir, sebitde tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerine çalt seslenýän täsirli guramanyň bolmagy baradaky zerurlygy şöhlelendirýär, umuman, bu meselelerde halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderliligini laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Sebit merkeziniň döredilmegi we işlemegi üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, tehniki, maliýe we beýleki ulgamlaryň taýýarlanylandygyny belledi.

Biz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine soňra ara alyp maslahatlaşmak üçin olary hödürlemäge taýýardyrys. Ýakyn wagtda anyk çözgütleri kabul etmek üçin bu başlangyjy goldamak baradaky teklip bilen ýüzlenýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek meselesini betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hereketleriň 2015-nji ýyldan soňky Çarçuwaly maksatnamasyna goşmagy teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda sebitleýin gatnaşyklaryň netijeli nusgasy Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolup durýar. Bu deňziň täsin biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Hazar—bu tebigy we tehnogen häsiýetli ýokary töwekgelçilikler zolagydyr. Şoňa görä-de, bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlaryň, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň köptaraply täsirli gurallaryny döretmek birinji derejeli ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň möhüm resminamanyň—Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň başyny başlaýjy we işläp taýýarlaýjy hökmünde çykyş edendigini, bu Ylalaşyga geçen ýylyň sentýabynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleri tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ulgamynda sebit derejesindäki işini işjeňleşdirmek bilen birlikde, ýurdumyz ýakyn wagtda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça hereketleriň Milli strategiýasyny döretmek üçin zerur bolan çäreleriň ulgamyny işläp taýýarlamaga girişmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň mazmuny bu ulgamdaky köptaraplaýyn resminamalaryň düzgünlerine we olary milli kanunçylyga laýyk getirmegiň halkara tejribesine esaslanar. Hususan-da, strategiýa işlenilip taýýarlanylanda, özüne şu aşakdaky esasy ugurlary birleşdirýän umumydöwlet çäreleriniň toplumyny döretmäge aýratyn üns berilmegi göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Hususan-da, resminama işlenip taýýarlanylanda umumydöwlet çäreler toplumynyň döredilmegine aýratyn üns berler diýip milli Liderimiz belledi we maslahathat gatnaşyjylary onuň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýi ýaly, birinjiden-- degişli kanunçylyk binýady döredilmeli; Ikinjiden --döwlet dolandyryşynyň utgaşdyryjy edarasynyň, şeýle hem ylmy düzümleri, işiň ugurlary boýunça bilermenler we tehniki iş toparlary döredilmeli; üçünjiden—häzirki zaman gaýragoýulmasyz lukmançylyk gullugy döredilmeli; dördünjiden—seýsmiki howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmäge gönükdirilen çäreler; bäşinjiden-- tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini ýüze çykan mahalynda ilaty öz wagtynda habarly etmek ulgamy döredilmeli; altynjydan—halkara we sebit hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilmeli hem-de pugtalandyrylmaly.

Şunuň bilen baglylykda, ýer ýüzüniň beýleki ýerlerinde ulanmak üçin her bir ýurduň tejribesini öwrenmek möhüm bolup durýar. BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tebigy howa şertleri birmeňzeş bolan sebitlerde tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek meseleleri boýunça döwletleriň tejribesini öwrenmek babatda köptaraplaýyn gepleşikleriň yzygiderli we maksadalaýyk ýola goýulmagyny peýdaly hasaplaýarys diýip, milli Lideriimz aýtdy.

Şeýle çemeleşme BMG-niň ulgamynyň çäklerinde Bilermenler alyşmasynyň we geňeşmeleriniň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam edip biler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi . Munuň özi biziň umumy tagallalaryň has netijeli we aýdyň bolmagyna, olary utgaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň has ýokary derejesine çykarmaga ýardam eder.

Biziň duşuşygymyzyň wajyplygy we derwaýslygy halkara bileleşiginiň 2005-2015-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Hiog Çarçuwaly maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda ýüzbe-ýüz bolýan wehimler bilen şertlendirilendir. Bu işde sepgitleýin tapgyrdan geçildi, munuň özi bolsa ýerine ýetirilen işleriň oýlanyşykly we düýpli seljerilmegini, deslapky jemleriň jemlenilmegini, geljek üçin meýilnamalaryň we ugurlaryň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda biziň öňümizde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin hereket etmegiň Çarçuwaly maksatnamasyny döretmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işe çemeleşme hemmetaraplaýyn, toplumlaýyn, ýöne şunda örän aýdyň, jikme-jik we anyk bolmalydygyny, aýry-aýry döwletleriň we sebitleriň anyk islegleriniň umumydünýä ýörelgeleri bilen laýyk gelmegine esaslanmalydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň öňüni almak, şeýle hem olaryň netijelerini aradan aýyrmak meselelerinde biziň bilelikdäki hereketlerimize we tagallalarymyza durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan umumy wezipeler nukdaý nazaryndan garamagy maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler dünýä bileleşiginiň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze gün tertibini döretmegiň üstünde işi tamamlap barýarlar. Ol özüne durnukly ösüşiň maksatlaryny birleşdirýär. Biziň ýurdumyz iki ýyl mundan ozal şu mesele boýunça BMG tarapyndan guralan milli geňeşmeleriň işine goşuldy. Biz özümiziň milli synymyzy BMG-niň Sekretariýatyna hödürläp, onda Milletler Bileleşiginiň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin iş maksatnamasyna degişli maslahatlarymyzy beýan etdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Onda tebigaty goramaga degişli teklipleriň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek bilen. döwlet Baştutanymyz bu bolsa, öz nobatynda, ekologiýa meselesi bilen baglanyşykly, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri meselesini gozgaýan has anyk meýilnamalarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapmagyny talap edýändigini nygtady.

Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin hereket etmegiň Çarçuwaly maksatnamasynyň düzgünlerini goldaýandygyny we oňa goşulýandygyny mälim edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, biz tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak meselesi boýunça köptaraplaýyn netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýarys. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň we halkara düzümleriniň tagallalarynyň yzygiderli birleşdirilmeginiň zerurdygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň olar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiziň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylaryň şowhuny el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Hormatly Prezidentimiz tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Şinkansen” ýokary tizlikli otlusy bilen Sendaý şäherinden Tokio tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa bolan iş saparynyň maksatnamasyny jemläp, ýapon paýtagtynyň “Haneda” halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Ýamagiba Daýşiro bilen gysgaça söhbetdeşligi boldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ýurda iş saparynyň barşynda Ýaponiýanyň Imperatory Akihito, Premýer-ministri Sindzo Abe bilen bolan duşuşyklarynda iki ýurduň we halklaryň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna taýýardygy, döwletara hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanmalara hem-de bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ygrarldygy tassyklandy.

Şeýle hem türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Milli Liderimiziň Ýaponiýanyň belli kompaniýalarynyň wekilleri, iri ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy taraplaryň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem ylym-bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikde iş alyp barmak üçin zerur şertleri döretmekde hemmetaraplaýyn goldamaga gyzyklanma bildirýändigini äşgär etd.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy we döwlet Baştutanymyzyň täze işjeň başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň BMG-niň ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamak we goldaw bermek babatda esasy kepil hökmündäki abraýyny we ähmiýetini ykrar etmek bilen gyzyklanmalaryň deňeçerliginiň, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bir maksadyň esasynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmegiň oňyn ýollaryny görkezýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Ýamagiwa Daýşiro we ýapon tarapynyň beýleki resmi adamlary bilen mähirli hoşlaşyp, uçara mündi we Watanymyza ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter