Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda eden ÇYKYŞY | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda eden ÇYKYŞY

опубликованно 14.03.2015 // 955 - просмотров
 

(2015-nji ýylyň 14-nji marty, Sendaý, Ýaponiýa)

Hormatly hanym Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen Maslahatyň işiniň başlanmagy bilen oňa gatnaşýanlaryň ählisini gutlamaga we Birleşen Milletler Guramasyna, Ýaponiýanyň Hökümetine, guramaçylaryň ählisine netijeli işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň. Türkmenistan şu maslahata 2005 — 2015-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Hiog Çarçuwaly maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ozal kabul edilen tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly howplary azaltmak boýunça hereket etmegiň meýilnamasyny we strategiýasyny doly goldaýarys.

Bu maksatnamalaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak biziň umumy aladalarymyzy şöhlelendirýär. Şunda, taglymatlaýyn babatda, Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň, olary öz wagtynda duýdurmagyň we netijeli monitoringiň toplumlaýyn wezipe bolup durýandygyndan ugur alýar. Bu wezipe bolsa ählumumy howpsuzlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilen umumy global işiň aýrylmaz bölegidir.

Bu ulgamda onuň ähli ugurlary — syýasy, ykdysady, energetika, ekologiýa, tehnogen we beýleki ugurlary öz aralarynda berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, biziň pikirimize görä, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge sazlaşykly çemeleşmeler kemala getirilende, halkara bileleşigine bu ýagdaýy göz öňünde tutmak zerurdyr.

Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça tagallalaryň durnukly ösüşiň geljegi uly meýilnamalaryna we maksatnamalaryna yzygiderli gönükdirilmelidigi, döwletler tarapyndan ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit we halkara derejelerinde amala aşyrylýan ysnyşykly hyzmatdaşlyga daýanmalydygy baradaky pikiriň berk tarapdary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýan netijeli köptaraplaýyn gurallary döretmegiň meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mysal hökmünde bu teklibi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň soňky döwürde sebitleýin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygynyň täsirli gurallaryny döretmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edendigini görkezesim gelýär.

Hususan-da, gürrüň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy barada barýar. Biziň ýurdumyz şeýle Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardygyny resmi taýdan beýan etdi.

Sebit merkeziniň esasy maksady tehniki we tehnologiki hyzmatdaşlygy höweslendirmekden, howanyň ählumumy ýagdaýda üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam bermegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we durmuşa geçirmekden ybarat bolup bilerdi.

Bu babatda gowşak goralan sebitde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak bu merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmalydyr.

Şeýle düzümiň döredilmegi Merkezi Aziýada howa şertleri we ekologiýa ýagdaýy bilen şertlendirilendir, sebitde tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerine çalt seslenýän täsirli guramanyň bolmagy baradaky zerurlygy şöhlelendirýär, umuman, bu meselelerde halkara hyzmatdaşlygynyň logikasyna laýyk gelýär. Häzirki döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Sebit merkeziniň döredilmegi we işlemegi üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, tehniki, maliýe we beýleki ulgamlary taýýarlanyldy.

Biz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine soňra ara alyp maslahatlaşmak üçin olary hödürlemäge taýýardyrys. Ýakyn wagtda anyk çözgütleri kabul etmek üçin bu başlangyjy goldamak baradaky teklip bilen ýüzlenýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek meselesini betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hereketleriň 2015-nji ýyldan soňky Çarçuwaly maksatnamasyna goşmagy teklip edýäris.

Häzirki wagtda sebitleýin gatnaşyklaryň netijeli nusgasy Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolup durýar. Bu deňziň täsin biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Hazar — bu tebigy we tehnogen häsiýetli ýokary töwekgelçilikler zolagydyr. Şoňa görä-de, bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlaryň, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň köptaraply täsirli gurallaryny döretmek birinji derejeli ähmiýete eýedir.

Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan möhüm resminamanyň — Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň başyny başlaýjy we işläp taýýarlaýjy hökmünde çykyş etdi. Bu Ylalaşyga geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleri tarapyndan gol çekildi.

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ulgamynda sebit derejesindäki işini işjeňleşdirmek bilen birlikde, biziň ýurdumyz ýakyn wagtda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça hereketleriň Milli strategiýasyny döretmek üçin zerur bolan çäreleriň ulgamyny işläp taýýarlamaga girişmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň mazmuny bu ulgamdaky köptaraplaýyn resminamalaryň düzgünlerine we olary milli kanunçylyga laýyk getirmegiň halkara tejribesine esaslanar. Hususan-da, Strategiýa işlenilip taýýarlanylanda, özüne şu aşakdaky esasy ugurlary birleşdirýän umumydöwlet çäreleriniň toplumyny döretmäge aýratyn üns berilmegi göz öňünde tutulýar.

Birinji — degişli kanunçylyk binýadynyň döredilmegi.

Ikinji — döwlet dolandyryşynyň utgaşdyryjy edarasynyň, şeýle hem ylmy düzümleri, işiň ugurlary boýunça bilermenler we tehniki iş toparlarynyň döredilmegi.

Üçünji — häzirki zaman gaýragoýulmasyz lukmançylyk gullugynyň döredilmegi.

Dördünji — seýsmiki howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmäge gönükdirilen çäreler.

Bäşinji — tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini ýüze çykan mahalynda ilaty öz wagtynda habarly etmek ulgamynyň döredilmegi.

Altynjy — halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi hem pugtalandyrylmagy.

Şunuň bilen baglylykda, ýer ýüzüniň beýleki ýerlerinde ulanmak üçin her bir ýurduň tejribesini öwrenmek möhüm bolup durýar. BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tebigy-howa şertleri birmeňzeş bolan sebitlerde tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek meseleleri boýunça döwletleriň tejribesini öwrenmek babatda köptaraplaýyn gepleşikleriň yzygiderli we maksadalaýyk ýola goýulmagyny peýdaly hasaplaýarys.

Şeýle çemeleşme BMG-niň ulgamynyň çäklerinde Bilermenler alyşmasynyň we geňeşmeleriniň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam edip bilerdi. Munuň özi biziň umumy tagallalarymyzyň has netijeli we aýdyň bolmagyna, olary utgaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň has ýokary derejesine çykarmaga ýardam eder diýip hasaplaýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň duşuşygymyzyň wajyplygy we derwaýyslygy halkara bileleşiginiň 2005-2015-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Hiog Çarçuwaly maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda ýüzbe-ýüz bolýan wehimler bilen şertlendirilendir.

Bu işde sepgitleýin tapgyrdan geçildi, munuň özi bolsa ýerine ýetirilen işleriň oýlanyşykly we düýpli seljerilmegini, deslapky jemleriň jemlenilmegini, geljek üçin meýilnamalaryň we ugurlaryň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýär.

Häzirki wagtda biziň öňümizde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin hereket etmegiň Çarçuwaly maksatnamasyny döretmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Bu işe çemeleşme hemmetaraplaýyn, toplumlaýyn, ýöne şunda örän aýdyň, jikme-jik we anyk bolmalydyr, aýry-aýry döwletleriň we sebitleriň anyk islegleriniň umumydünýä ýörelgeleri bilen laýyk gelmegine esaslanmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň öňüni almak, şeýle hem olaryň netijelerini aradan aýyrmak meselelerinde biziň bilelikdäki hereketlerimize we tagallalarymyza durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan umumy wezipeler nukdaý nazaryndan garamagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler dünýä bileleşiginiň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze gün tertibini döretmegiň üstünde işi tamamlap barýarlar. Ol özüne durnukly ösüşiň maksatlaryny birleşdirýär.

Biziň ýurdumyz iki ýyl mundan ozal şu mesele boýunça BMG tarapyndan guralan milli geňeşmeleriň işine goşuldy. Biz özümiziň milli synymyzy BMG-niň Sekretariatyna hödürläp, onda Milletler Bileleşiginiň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin iş maksatnamasyna degişli maslahatlarymyzy beýan etdik. Onda tebigaty goramaga degişli teklipler aýratyn orun eýeleýär. Elbetde, geljekde munuň özi, öz nobatynda, ekologiýa meselesi bilen baglanyşykly, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri meselesini gozgaýan has anyk meýilnamalarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapmagyny talap edýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin hereket etmegiň Çarçuwaly maksatnamasynyň düzgünlerini goldaýar we oňa goşulýandygyny mälim edýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak meselesi boýunça köptaraplaýyn netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýarys. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň we halkara düzümleriniň tagallalarynyň yzygiderli birleşdirilmeginiň zerurdygyna ynanýarys, olar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardyrys.

Maslahata gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter