Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 18.03.2015 // 802 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy Nuýer Baýkelini kabul etdi.

Myhman döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapyp kabul edilendiri üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna Hytaý halk Respublikasynyň Başlygy Sin Szinpiniň hem-de HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň mähirli salamyny hem-de bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Nuýer Baýkeli Hytaýyň Türkmenistan bilen soňky ýyllarda täze ösüşe we many- mazmuna eýe bolan däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyny möhüm ähmiýetli strategiki hyzmatdaşy hasaplaýandygyny, ýurtlarymyzy gözbaşyny Beýik Ýüpek ýoly zamanasyndan alyp gaýdýan köpasyrlyk taryhy taýdan kemala gelen dostluk gatnaşyklary we dürli ulgamlardaky netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň çäklerinde uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de iki tarapyň hem bähbitlerine kybap gelýän netijeli özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara ynamyň ýokary derejesiniň, yzygiderli geçirilýän netijeli döwletara gepleşikleriniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de milli ykdysadyýetleriň beýleki pudaklarynda köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge amatly şertleri döredýändigini bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berdi, onuň jemleri boýunça dürli ulgamlarda, hususan-da, nebitgaz toplumynda täze bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga badalga beren ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde eýýäm sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdiler, şol sanda yklymda iri halkara gaz geçirijisini işe girizdiler. Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryny özleşdirmek, “Galkynyş” gaz käninde gazy gaýtadan işleýän ikinji toplumyň gurluşygy boýunça bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurt üçin ileri tutulýan ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.

Nuýer Baýkeli ägirt uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge öz ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek beýan edip, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de döwlet tarapyndan daşary ýurt işewurligine berilýän goldawyň hasabyna türkmen bazarynyň aýratyn özüne çekijiligini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy duşuşygyň ahyrynda köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge düýpli gyzyklnama bildirýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter