Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy | TDH
Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy

опубликованно 02.12.2017 // 808 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler ýodlandyrylan kaliý (Türkmenhimiýa DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna mata we nah ýüplükler, jinsi matalar, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 215 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 900 müň 514 manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 767 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy, pagta-süýümini, ýük awtoulagyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter