5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler | TDH
Medeniýet

5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

опубликованно 01.12.2017 // 891 - просмотров
 

Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler.

Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter