Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 30.03.2015 // 860 - просмотров
 

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, welaýatyň etraplarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişine girişilendigi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem häkim ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen baglanyşykly, işlenip taýýarlanylan maksatnama, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy hakynda aýtdy.

Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler bilen gyzyklandy. Gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň barşy, pagtaçy kärendeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmeklige örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynla ak ekinlere edilýän idegiň derejesiniň pesligine ünsi çekip, bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda zerur çäreler görmegi häkimden talap etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny häzirden taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olarda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmagy ugrunda ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, ak ekine ideg etmek we dürli gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatda oba hojalyk ekinlerini ekýän kärendeçiler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini, mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, şanly baýramçylyklary mynasyp garşylamak babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda ideg işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň etraplarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Şeýle hem häkim aprel aýynda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy, aýratyn-da, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, oba senagat toplumynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu işler bilen bir hatarda galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini bellemek bilen, “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramçylygyny, Bütindünýä saglyk gününi guramaçylykly geçirmek, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin dabaralary guramak bilen baganyşykly çäreleriň degişli derejede geçirilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigini, häzirki döwürde ekişiň kada laýyk derejede alnyp barylýandygyny habar berdi.

Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmagy ugrunda degişli maksatnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Şeýle hem ol welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalaryny, aýratyn-da galla oragynda işlediljek ähli gurallary häzirden taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belledi. Şeýle hem millli Liderimiz aprel aýynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, milli Liderimiz tabşyrygy boýunça gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler hakynda aýtdy.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ähli etraplarynda, edara- kärhanalarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişinde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz galla oragy möwüminde işlediljek tehnikalary taýýarlamak işlerine häzirden girişmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamak, welaýatyň ilatynyň guralýan çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek, arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Häkim hasabatyň çäklerinde şanly seneler mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar, hususan-da, sport ulgamyna degişli tennis kortunyň, sport toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk barada aýdyldy. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň etraplarynda geljekde meýilleşdirilýän işleriň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň döwrebap keşbini kemala getirmäge we onuň ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, şäher içindäki ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda degişli düzümler bilen salaşykly işleri ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda sport ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip bellemek bilen, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärelere, bu senä gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlyk derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz görkezilen çyzgylar we taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýdyp, durmuş maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek bilen baglanyşykly işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şäher ilatynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, adamlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekilmegini üpjün etmek babatda ähli tagallalaryň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidetimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda geçiriljek şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olaryň medeni maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere degişli düzümleriň işjeň gatnaşmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda garalan mesaleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bolsa döwrüň wajyp talabydygyny belläp, şu meselelerden gelip çykýan wezipeleriň çözülmeginde degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter