TDHÇMB-niň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri öňdäki orny eýeledi | TDH
Ykdysadyýet

TDHÇMB-niň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri öňdäki orny eýeledi

опубликованно 26.11.2017 // 909 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Belarusdan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümlerini, buýan köküniň erginini, nah ýüplügi, hojalyk pamygyny, nah matalaryň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 82 million 695 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler 2 million 375 müň manatdan gowrak nah matalaryny we sarja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 500 müň manada barabar bolan ýük awtoulagyny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter