Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi | TDH
Jemgyýet

Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi

опубликованно 24.11.2017 // 911 - просмотров
 

Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar.

Baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemleniler.

Awstriýanyň we ýurdumyzyň sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatlary, Russiýa Federasiýasynyň sirk toparynyň çykyşlary halkara çäreleriniň hatarynda görkezildi.

15-nji dekabrda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter