2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar | TDH
Jemgyýet

2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar

опубликованно 24.11.2017 // 1157 - просмотров
 

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň işini bes edip, olaryň binýadynda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalyny hem-de ministrligiň merkezi edarasynda žurnalyň redaksiýasyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi.
Täze žurnal 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, iki aýda bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir ediler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugyna “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmek, Aragatnaşyk ministrligine bolsa žurnala döwürleýin abuna ýazylyşygyny guramak tabşyryldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, täze žurnal ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maliýe-ykdysady özgertmeleri we ýetilen sepgitleri giňden beýan etmek, ykdysadyýetimizi özgertmäge täze çemeleşmeleri ýaýratmak hem-de oňyn halkara tejribeleriniň giňden peýdalanylmagyny gazanmak maksady bilen döredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter