Maksat — hyzmatdaşlygyň täze derejesi | TDH
Syýasat habarlary

Maksat — hyzmatdaşlygyň täze derejesi

опубликованно 06.04.2015 // 932 - просмотров
 

7-nji aprelde Aşgabada ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleri geçiriler. Olara gatnaşmak üçin düýn agşam ýurdumyza Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti geldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň ýurdumyza sapary Moldowanyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri 2013-nji ýylyň tomsunda Moldowanyň paýtagty Kişinýew şäherinde bolan ýokary derejedäki türkmen-moldowan duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji aprelde geçirilen mejlisinde Moldowanyň Lideriniň bu resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler degip geçmek bilen, ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhüm ähmiýetini belläp, däbe öwrülen dostlukly türkmen-moldowan gatnaşyklaryny has-da ösdürmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleriň bardygyny aýtdy.

Ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, dünýä syýasatynyň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligi, şeýle hem döwlet ösüşiniň ýoluny özbaşdak kesgitlemek ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň hem-de Moldowanyň artýan özara gyzyklanmalary ähli esasy ugurlarda özara bähbitli we ynamly hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemegini şertlendirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowan toparynyň döredilmegi ony ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ol dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň şertlerinde zerur bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de berkitmek boýunça has täsirli we netijeli çäreleri işläp taýýarlamaga hem-de ulanmaga gönükdirilendir. Bilelikdäki toparyň birinji mejlisi ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleriniň öňýanynda Aşgabatda geçirildi.

Şu gün geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nikolae Timoftiniň özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, hil taýdan täze derejä çykýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça nukdaýnazarlary deňeşdirmegi, şeýle hem iki dostlukly halklaryň arasyndaky ynamy hem-de özara düşünişmegi berkitmek boýunça geljekki ädimleri kesgitlemegi göz öňünde tutýandygyny bellemek gerek.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň çäklerinde bar bolan özara gyzyklanmany we milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazara almak bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň usullaryny, şeýle hem türkmen we moldowan halklaryna birek-biregi baý medeni miras hem-de köpasyrlyk ruhy gymmatlyklar bilen yzygiderli tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleri işläp düzmäge uly üns berler.

Döwletara hyzmatdaşlygynyň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleri Türkmenistanyň we Moldowanyň geljekde netijeli gatnaşyklary özara ugur edinmeginiň iň gowy subutnamasydyr. Şunda ýurtlaryň ikisi hem birmeňzeş derejede gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edip, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine çalt depginlerde ösmek maksady bilen birleşendir.

Şeýlelikde, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçiriljek duşuşygy taraplaryň tagallalary netijesinde ýokary depgine we netijeli häsiýete eýe bolýan türkmen-moldowan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Bu duşuşygyň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter