Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Nikolaýe Timoftiniň arasyndaky gepleşikler | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Nikolaýe Timoftiniň arasyndaky gepleşikler

опубликованно 07.04.2015 // 817 - просмотров
 

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman özi üçin niýetlenen kabulhanadan Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde Moldowa Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite ornaşdyrylan münbere barýarlar. Bu ýerde, meýdanda belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Moldowa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolaýe Timofti Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri moldowaly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Moldowanyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Moldowa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabara tamaimlanandan soň, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöräp geçýärler.

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne tarap ugradylar. Ýolugra belent mertebeli myhman barha gözel keşbe girýän ak mermerli paýtagtymyzyň merkezi künjeginiň binagärlik keşbi bilen içgin gyzyklandy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Ruhyýet köşgüne geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nikolaýe Timoftini köşgüň “Beg” otagyna çagyrýar, şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-moldowa gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň Baştutany moldowaly kärdeşini türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de ýurdumyza sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň we gepleşikleriň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-moldowan hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigini, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp boan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we bu saparyň özüniň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belläp, Moldowada ýokary derejedäki bu duşuşyga häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady. Şunda Prezident Nikolae Timofti Moldowa Respublikasynyň dünýä bileleşiginiň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eye bolan netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi nazara almak arkaly türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, bu hyzmatdaşlygyň kuwwatyny nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nikolaýe Timofti döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň we Moldowanyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. 6-njy aprelde türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň we Moldowanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Baştutanlary özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, türkmen-moldowan hökümetara toparynyň işiniň möhüm ornuny nygtadylar. Bu toparyň birinji mejlisi düýn Aşgabatda geçirildi. Ulag aragatnaşyk ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalygy, azyk senagaty we beýleki pudaklarda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň möhümdigini bellläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Ruh” otagynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftä we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanda şu günki sapara özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň dowamy hökmünde garalýandygyny nygtady. Iki ýurduň arasyndaky bu gatnaşyklar 2013-nji ýylda Kişinýowda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Moldowa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny aýdyp, şu günki gepleşikleriň gün tertibiniň köp meseläni öz içine alýandygyny belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Moldowa ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary alyp barýarlar, ençeme iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýärler. Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň alyp barmagyň, medeni we ynsanperwer ulgamlarda amala aşyrylýan arkalaşykly işleriň gerimini giňeltmegiň bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belläp, iki ýurduň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Ösüşiň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy geljegi uly bolan, özara bähbitli täze ugurlar boýunça ösdürmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasy ulgamda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Moldowanyň ählumumy hem-de sebit derejesinde parahatçylygy berkitmäge hem-de howpsuzlygy gorap saklamaga esaslanýan umumy ýörelgelerden we garaýyşlardan ugur alýandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler esasy halkara edaralarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň ornuny berkitmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan we Moldowa bu guramalaryň çäklerinde has işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki döwrüň köpsanly meseleleri boýunça umumy garaýyşlar bilen çykyş edýärler, dünýäde durnukly ösüşi we özara ynanyşmagy berkitmäge mynasyp goşant goşýarlar. Bu bolsa häzirki döwürde Ýer ýüzüniň käbir sebitlerinde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar göz öňünde tutulanda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmen Lideri halkara guramalarynyň çäklerinde birek biregi goldamagyň hyzmatdaşlygyň möhüm tarapy bolup durýandygyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, şeýle hem ÝUNECKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlawlarda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistany goldandygyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň energetika howpsuzlygy we ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kabul eden Rezolýusiýalarynyň hem awtordaşy bolup çykyş edendigini ýatlatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow moldowaly hyzmatdaşlarymyzyň bu ugurda yzygiderli we jogapkärli garaýyşlara eýerendigine ýokary baha bermek bilen, öz gezeginde Türkmenistanyň hem halkara guramalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşine, ençeme beýleki guramalara saýlawlar geçirilende Moldowany goldandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle arkalaşykly hereket etmegiň uzak möhletli ikitaraplaýyn bähbitlere, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ruhuna we häsiýetine laýyk gelýändigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň halkara giňişliginde utgaşykly we ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmäge meýillidigini tassyklady hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine 2016–2018-nji ýyllar üçin saýlawlarda Moldowa Respublikasyny goldamaga taýýardygyny nygtady.

Biziň Moldowa bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy hyzmatdaşlygymyzyň baş maksadynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi berkitmäge, häzirki zaman dünýäsiniň gurluşynyň we döwletara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde halkara hukugyny ykrar etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň we Moldowanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek arkaly işjeň alnyp barylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň o diýen köp däldigine garamazdan, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyna möhüm we geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny aýtdy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Kişinýowa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen- moldowan Hökümetara toparyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň işine uly umyt bildirilýär.

Milli Liderimiz ilkinji mejlisi düýn Aşgabatda geçirilen bilelikdäki toparyň hyzmatdaşlygyň strategik meýilnamalaryny taýýarlamaga girişmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk teklipleri bermekde yzygiderli hem-de anyk maksada gönükdirilen işleri geçirjekdigine uly ynam bildirip, bu işleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek, lukmançylyk we derman senagaty, mebel önümçiligi ýaly ugurlarda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň dokma we himiýa senagatynyň harytlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň Moldowa iberilýän möçberlerini ep - esli artdyrmaga taýýardygy belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany söwda-ykdysady ulgamyň ähli ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi bermegiň möhümdigini aýdyp, gatnaşyklary giňeltmäge işewürler toparlarynyň uly goşant goşup biljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bilelikdäki işewürler maslahatlaryny geçirmegiň, haryt öndürijileriň sergi-ýarmarkalaryny guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategiki ugrudyr. Geografiýa taýdan amatly ýerleşmegine görä, Moldowa Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňziniň we Gara deňziniň arasyndaky sebitleriň arasynda ulag-üstaşyr gatnawlarynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz yklymlary birleşdirýän täze ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça hyzmatdaşlygymyzyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, ulag - üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan düýbünden täze derejä çykarjakdygyna, Gündogar - Günbatar ugry boýunça umumy ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm we täsirli şerti hökmünde bu gatnaşyklara uzak möhletli, strategiki häsiýet berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag ulgamynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn, ileri tutulýan orny eýelemelidigini nygtady. Bu bolsa, diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl-de, eýsem, Türkmenistan bilen Moldowanyň anyk halkara ulag taslamalaryny öňe sürmek we goldamak meselelerinde ylalaşylan garaýyşlar bilen çykyş etmegi üçin hem zerurdyr.

Türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz taraplaryň şeýle gatnaşyklary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi. Iki ýurduň halklarynyň özara ýakynlaşmagyna, adamlaryň arasyndaky dostlugy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge ýardam bermegi ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, bilim we ylym ulgamlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň, dürli ugurlar boýunça ylmy alyşmalary işjeň alyp barmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şeýle hyzmatdaşlyk yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr we uzak möhlete gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalar hem-de maksatnamalar esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň we Moldowanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda has ysnyşykly hem-de göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, talyplary alyşmagyň hem peýdaly boljakdygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Nikolaýe Timoftiniň Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparynyň türkmen-moldowa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak esasynda deň hukukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, şu gün gol çekmäge taýýarlanan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumynyň bu işleri amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň hem-de oňat şertleriň bardygyny görkezýändigini belledi.

Iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentiimz Türkmenistanyň ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmekde Moldowa ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz moldowaly hyzmatdaşlarymyza hemişe netijeli we hoşniýetli gatnaşyk etmegiň, gyzyklanma bilen çemeleşmegiň mahsusdygyny belläp, türkmen tarapynyň bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl türkmen halkynyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde taryhy senäni –ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyny belleýändigini ýatlatdy. Moldowa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny doly goldan döwletleriň biridir. Bu goldaw üçin, biz siziň ýurduňyza, Moldowanyň halkyna minnetdardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Nikolaýe Timoftini we moldowaly dostlarymyzy şu ýylyň dekabrynda bu şanly senä bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda moldowaly kärdeşine we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistana sapara gelmäge çakylygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, munuň özi üçin uly abraýdygyny nygtady hem-de şu duşuşygyň türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ýagdaýda ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Nikolaýe Timofti soňky ýyllarda döwletara gepleşiginiň hil taýdan täze derejä ýetirilendigini hem-de şu günki netijeli gepleşikleriň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Moldowanyň Lideri Moldowa Respublikasynda türkmen döwletiniň daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de onuň bitaraplyk derejesine uly hormat goýulýandygyny aýtdy. Şu ýylda Türkmenistan özüniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýär. Belent mertebeli myhman bu şanly senäniň örän möhüm ähmiýetlidigini hem-de 2015-nji ýylyň ýurtda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.

Prezident Nikolaýe Timofti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-moldowan gatnaşyklaryna degişli meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň ýurduň we tutuş türkmen halkynyň rowaçlygy ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýandygyny hem-de Moldowada oňyn ösüş ýolunda Türkmenistanyň gazananlaryna ruhubelentlik bilen garalýandygyny aýtdy.

Moldowa Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli mesele baradaky gürrüňi dowam edip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň netijeli döwletara gepleşiginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi. Şeýle hem Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň işi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir, düýn bu toparyň birinji mejlisi geçirilip, oňa ýokary baha berildi. Moldowanyň Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň geljegine uly umyt baglanýan ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy baradaky pikirini oňlap, özara peýdaly gatnaşyklaryň, şol sanda örän oňaýly şertlere eýe bolan oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini nygtady. Şunuň bilen birlikde ylym, şol sanda iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň ugry, şeýle hem bilim ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Aşgabat barada özünde dörän täsirler barada hem-de uçaryň üstünden şäheriň keşbiniň özüne çekijidigini aýtdy. Belent mertebeli myhman türkmen paýtagtynyň häzirki döwürdäki ajaýyp binagärlik keşbiniň haýran galdyrandygyny we onuň Türkmenistanyň batly depgin bilen ösüşiniň nyşany diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň we halkyň abadançylygy ugrundaky giň gerimli işinde täze uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Prezident Nikolaýe Timofti Moldowada energetika degişli meselelere wajyp ähmiýet berilýändigini belläp, moldowa tarapynyň uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan hem-de ýangyç-energetika toplumynyň bu möhüm ugrunda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylýan ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň ýörelgelerine esaslanýan syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Belent mertebeli myhman abraýly halkara guramalyrynyň çäklerinde türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini
belläp, Moldowa Respublikasynyň Türkmenistanyň halkara derejesindäki döredijilikli başlangyçlaryny elmydama goldajakdygyna ynandyrdy.

Prezident Nikolaýe Timofti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça tekliplerini oňlap, Moldowanyň ýakyn geljekde Türkmenistana medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetini ibermegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Şeýle hem Moldowanyň Lideri ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerini Moldowa çagyrdy hem-de munuň ýurtda türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga içgin gyzyklanma döretjekdigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň we doganlyk türkmen halkynyň adyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Agrosenagat pudagy babatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi bilen Moldowa Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk senagaty ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Moldowa Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Moldowa Respublikasynyň Korrupsiýa garşy göreş baradaky milli merkeziniň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň ýa-da beýleki emläkleriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly maglumaty alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa goşulyşmak ministrliginiň arasynda 2015-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-moldowa bilelikdäki hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna, Ulaglar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelegeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara duşunişmek hakynda Ähtnama, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Habar” otagyna barýarlar, şol ýerde köpçülikleýn habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirläp, moldowaly kärdeşine we Moldowanyň wekiliýetiniň agzalarynyň ählisine netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu gepleşikler özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçip, iki ýurduň özara bähbitlere laýyk gelýän ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda Tükmen-moldowan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerinde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen bilikde, Türkmenistan bilen Moldowanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine ýardam etjekdigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan we Moldowa Respublikasy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, ÝHHG-niň GDA we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şeýle hem taraplar dürli derejedäki hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlaryny guramak we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça pikir alyşmak tejribesini goldaýandygy mälim edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň söwda-ykdysady ulgamda täze we has işjeň türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň esaslaryny berkidendigini belledi. Biziň ýurdumyz Moldowa bilen oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek, saglygy goraýyş we derman senagaty, mebel önümçiligi ýaly pudaklarda, şeýle hem beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

Öz nobatynda, Türkmenistan Moldowa iberilýän dokma we himiýa senagatynyň, nebit we gazy gaýtadan işlemekden alnan önümleriniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, türkmen-moldowan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň özara gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taraplaryň bilelikdäki işewürler maslahatlaryny we haryt öndürijileriň sergi-ýarmarkalaryny guramak meselesine garamak barada ylalaşandyklaryny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategiki ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyny bu ulgamda uly kuwwata eýe bolan iri hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Biz bu ýurda Aziýanyň we Ýewropanyň, Hazar deňziniň we Gara deňziniň kenarýaka sebitleriniň arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Ýangyç-energetika toplumy we yklymda täze ulag düzümini döretmek ýaly iki strategiki ulgamda hyzmatdaşlgyň geljegi uludyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady we üstaşyr-ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-moldowan döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny belledi. Gündogar-Günbatar ugrunda umumykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm we netijeli şerti hökmünde bu gatnaşyklar uzakmöhetleýin hem-de strategiki häsiýete eýe bolar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi.

Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň we Moldowanyň halklaryny dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklary birleşdirýär diýip, milli Liderimiz sözünii dowam etdi. Şu babatda gumanitar ulgamda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň halklarynyň ysnyşykly gatnaşyklary saklamak we birek-biregiň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatdaky meýillerini goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň we Moldowanyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur şertleri döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen birlikde, ylym we bilim ulgamynda, iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Şol oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, guşakly göreş boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna Moldowanyň türgenleriniň hem işjeň gatnaşandygyny, olaryň käbiriniň ýokary netijeleri gazanandygyny bellemek ýakymlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy özleriniň uzak möhlete gönükdirilen ysnyşykly we köp ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek ýörelgesine eýerýändiklerini subut etdiler. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirkizaman ösüş ýagdaýyna laýyk gelýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň halky dünýä bileleşigi
bilen birlikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllygyny belleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Baştutany Moldowa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu çözgüdini doly goldan döwletleriň biridigini nygtap, Moldowanyň Prezidentine we halkyna bu goldaw üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem, hormatly Moldowa Respublikasynyň baştutanyny we moldowaly dostlarymyzy şu ýylyň dekabr aýynda bu şanly senä bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatynyň işine hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen Lideri sözüniň ahyrynda geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, Moldowanyň ähli halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini beýan edip, gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Moldowanyň Lideriniň belleýşi ýaly, ol Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmak babatda döredilen mümkinçilige örän şatdyr. Şu günki gepleşikler taraplaryň döwletara syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli käbir anyk taslamalar barada hem pikir alşyldy.

Prezident Nikolaýe Timofti Moldowanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, özüniň şu saparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylda Moldowa Respublikasyna bolan saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmaga ýardam etmelidigini nygtady.

Ýokary derejedäki şu duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi, olar gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki beýannamada öz beýanyny tapdy diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, taraplar türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň halkara-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti gol çekilen resminamalar toplumynyň gepleşikleriň aýdyň netijesi bolup durýandygyny belläp, şunuň bilen birlikde, beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryna garalandygyna we olara geljekde gol çekmek barada ylalaşylandygyny habar berdi. Moldowanyň Lideri şeýle hem taraplaryň geljekde söwda-ykdysady ulgamda we obasenagat toplumynda türkmen-moldowan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmaga ýardam etjek gatnaşyklara uly üns berjekdigi barada ylalaşandyklaryny nygtady.

Biz Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-moldowan hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň jemlerine ýokary baha berdik diýip, Prezident Nikolaýe Timofti aýtdy bu toparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi. Mundan başga-da, şu duşuşygyň barşynda taraplar gumanitar ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, syýahatçylyk ugry boýunça, şeýle hem ýaşlar syýasaty we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Belent mertebeli myhman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň çäklerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge, Türkmenistanyň Hazar deňzi sebiti boýunça tebigy gaz bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy baradaky meselelere hem deglip geçendigini aýtdy.

Prezident Nikolaýe Timofti 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Ýurdumyzyň bu derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidilip, möhüm taryhy waka öwrüldi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurduň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şertine öwrüldi.

Prezident Nikolaýe Timofti şu gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtap, Moldowanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli ugurlaryň ençemesi boýunça hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de Aşgabat duşuşyklarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň Hazar gaz geçirijisi barada gozgan meselesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamak, halkara bazarlaryna ugratmak işlerini diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen tebigy gazy Russiýa, Eýrana iki ugur we Hytaýa 30 milliard kub metr möçberinde ugradýandygyny, şunda 10 milliard kub metr tebigy gazy we ýene-de 25 milliard kub metr “mawy ýangyjy” goşmaça ugratmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Ýewropa ugruna aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirmek boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler dowam edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti Gypjaga bardy, şol ýerde kümmete gül goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralady hem-de Ruhy metjide baryp gördi.

Şol gün Moldowanyň Lideri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Ajaýyp däbe görä, Moldowanyň Baştutany iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Prezient Nikolaýe Timofti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi. Moldowanyň Baştutany onuň gummatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Agşam Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter