Moldowanyň Prezidenti Halkara atçylyk toplumyna baryp gördi | TDH
Syýasat habarlary

Moldowanyň Prezidenti Halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

опубликованно 08.04.2015 // 898 - просмотров
 

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji güni Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleri geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary milli bähbitlere we bar bolan uly mümkinçiliklere gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan özara islegler bilen kesgitlendi.

Mälim bolşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolae Timofti şu duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ähli gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri kesgitlediler.

Birnäçe möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri netijeli pikir alyşmalaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ulgamy, energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy, gaýtadan işleýän, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy, dokma hem-de himiýa senagaty ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisinde we türkmen-moldowan Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda hem kesgitlendi. Olar ýokary derejedäki gepleşikleriň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirildi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň sebitde iri atçylyk sport toplumyna baryp görmegi Türkmenistana, onuň üstünliklerine türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine bolan uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýolugrunda moldowan Lideriniň awtoulag kerweni 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýerinde saklandy. Bu ýerden ak mermerli Aşgabatda gurulýan desgalaryň we binalaryň ajaýyp görnüşi açylýar.

Belent mertebeli myhmana ýokary depginler bilen gurulýan Olimpiýa şäherjigi – dünýä derejesindäki sport toplumy barada gürrüň berdiler. Onuň meýdançalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Merkezi Aziýada iri toplum sport we beýleki maksatly desgalaryň 30-a golaýyny öz içine alýar. Olar üpjünçiligi boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Olimpiýa şäherjigi sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenendir we geljekde milli türgenleri taýýarlamak üçin köpugurly türgenleşik binýadyna öwrüler.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň görküni artdyran täze binalaryň hatarynda medeni durmuş maksatly iri desgalar hem bar. Olaryň hatarynda ýakynda açylan, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi hem bar. Häzir bu iri söwda merkezi öz alyjylaryna önümleriň, ilkinji nobatda, ýurdumyzda öndürilen önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Prezident Nikolae Timofti paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň gerimine mynasyp baha bermek bilen, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Merkezi Aziýanyň göwher gaşy hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň Türkmenistanyň täzelenmeginiň we gülläp ösmeginiň beýanyna öwrülendigini aýtdy.

Halkara atçylyk sport toplumy hem aşgabatlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän ajaýyp toplum bilen tanyşlygyň barşynda moldowan Lideri gözelligiň, ajaýyplygyň we syratlylygyň beýany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk taryhyndan ençeme gyzykly maglumatlary bildi, şeýle hem ady äleme dolan bedewleri saklamak, olaryň gatnaşmagynda atçylyk sport ýaryşlaryny we baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin nähili şertleriň döredilýändigine haýran galdy.

Dostlukly döwletiň Baştutanyna gözelligi we syratlylygy bilen aklyňy haýran edýän behişdi bedewler görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda berdaşlylygy we wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewleriň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ine, şonuň üçin hem ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.

Biziň günlerimize gelip ýeten taryhy senenamalarda behişdi bedewler hakynda duş gelýän ýatlamalar Ahalyň gadymy topragynyň ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy çapuw atlarynyň mesgeni bolandygyny tassyklaýar. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary – şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar.

Ahalteke bedewleriniň hakyky janköýeri bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saýlama bedewleriň baş sanyny artdyrmak, ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen seçgiçilik – tohumçylyk işleri alnyp barylýar.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy hem ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň we hormatynyň nyşany bolup durýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öňýanynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitaby hem deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, türkmen halkynyň ahlak çelgileriniň, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan aýratyn hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar.

Geçirilýän çäreler netijesinde ajaýyp ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýäniň ýüzüne ýaýrap, jahanyň ähli künjeklerinden bedewleriň janköýerleriniň köpsanlysyny Türkmenistana ýygnaýar. Olar paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlaryna we gözellik sergilerine işjeň gatnaşýarlar.

Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri hem olara bolan gyzyklanmany artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen konkur boýunça ýaryşlaryň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi tötänden däldir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolsa, soňky ýyllarda dünýä talaplaryna laýyk gelýän döwrebap aýlawlar guruldy.

Ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini ýaýmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär.

Moldowanyň Prezidenti Nikolae Timofti gören zatlaryna tüýs ýürekden haýran galandygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ganatyna öwrülen behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de diňe artjakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman gyzykly tanyşlyk üçin hoşallyk bildirip, toplumyň işgärleri bilen hoşlaşdy we Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden öz Watanyna ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter