Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi

опубликованно 11.04.2015 // 906 - просмотров
 

Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Sekiz sagada golaý uçuşy amala aşyran hormatly Prezidentimiziň uçary Koreýa Respublikasynyň Tegu şäheriniň howa menzilinde gondy. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny koreý tarapynyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden kaşaň “Interburgo Tegu” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Ertir, 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz VII Bütindünýä suw maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

13-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler. Bellenilişi ýaly, gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berer.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibine, ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek ylalaşyklaryň taslamalaryna
10-njy aprelde Seulda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň mejlisinde jikme-jik garaldy. Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häziki ýagdaýy we geljegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we özara gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, 12-nji aprelde Seulyň “Prezident” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat, ertesi gün bolsa Songýungwan Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergini geçirmek meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter