Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

опубликованно 12.04.2015 // 905 - просмотров
 

Tegu, 12-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki dostlukly döwletleriň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljegini ýüzbe-ýüz duşuşykda ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon türkmen we täjik halklarynyň gadymy taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine we sazlaşykly ösüşine ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini we bähbitlerini nazara almak arkaly netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary, döwletara gatnaşyklarynyň barşynda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalaryň barşy boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Diňe bir iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine däl, eýsem, özara peýdaly sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösüş maksatlaryna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem taraplar elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan meýillerini tassykladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda taraplaryň köp meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny belläp, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Täjigistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiziň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselelerini oňyn çözmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet hem-de sport ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, parahatçylygy pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi berkitmek üçin möhüm gural bolan gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi tassyk edildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny ugur edinýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon iki döwletiň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklap, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz täjik kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter