Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini atdyrar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini atdyrar

опубликованно 10.11.2017 // 911 - просмотров
 

Türkmenistanyň energetikleri Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar.

Häzirki wagtda şertnama laýyklykda, goňşy döwlete “Ymamnazar-Andhoý” we “Serhetabat – Hyrat –Turgundy” elektrik geçirijileri arkaly iki ugur boýunça ýylda 700 million kilowat sagat elektrik energiýasy iberilýär.

Mundan başga-da, Badhyz we Jowüzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, bu maksat bilen 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminamalaryň hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter