13-15-nji noýabrda Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri gepçiriler | TDH
Medeniýet

13-15-nji noýabrda Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri gepçiriler

опубликованно 10.11.2017 // 952 - просмотров
 

Medeni maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmii böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar.

Döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyny Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Myhmanlar üçin türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, ýurdumyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter