Türkmenistan Hasyl toýuny geçirmäge taýýarlanýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan Hasyl toýuny geçirmäge taýýarlanýar

опубликованно 10.11.2017 // 1004 - просмотров
 

Türkmenistanda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy belleniler. Baýramyň medeni mmksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklaryny guramak meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guraljak dabaralarynda hasyl ussatlary sarpalanylar, olaryň has tapawutlananlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter