Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler | TDH
Society

Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

опубликованно 14.05.2020 // 179 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy we maglumat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, işjeň täze görnüşleri hem-de žurnalistika babatda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri kesgitlendi.

TDH-nyň we BelTA-nyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň türkmen-belarus gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde oňyn teklipler öňe sürüldi. Munuň özi öňi bilen maglumatlaryň resmi çeşmesi hasaplanylýan öňdebaryjy habarlar agentliklerine we žurnalistlere degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň mediaforumlar, maslahatlar, «tegelek stol» ýaly ugurlarynyň, şol sanda abraýly media bileleşiklerini çekmek arkaly uzak aralykdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2020 The state news agency of Turkmenistan - Turkmenistan today


Flag Counter