Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: lukmançylyk diplomatiýasy adamzadyň bähbidine | TDH
Teswirlemeler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: lukmançylyk diplomatiýasy adamzadyň bähbidine

опубликовано 14.10.2020 // 781 - просмотров
 

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni lukmançylyk ulgamynyň täze iri desgalarynyň — Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetiki merkeziň açylyş dabaralarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada daşary ýurtly hünärmenler bilen söhbetdeşliginde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we möhüm ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn wajyp ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary saklamak bilen, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda — lukmançylyk işgärleriniň iş ýüzündäki gatnaşyklaryny ilerletmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek babatda ylmy-maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Tutuş dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap etmek bilen, lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn möhümdigini ýüze çykardy. Türkmenistan ilkinji ýurtlaryň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri görüp başlady hem-de dünýäniň ençeme döwletleriniň ykdysadyýetine we adamlaryň hal-ýagdaýyna ýaramaz täsir eden ýokanç bilen bagly bolan berk karantinden saklanmagy başardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtda täze ählumumy wehimiň howpuny nazara almak bilen, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde özara ylalaşylan çözgütleri taýýarlamakda halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe halkara başlangyçlary bilen çykyş etdi hem-de sebitde bu ugurda birnäçe anyk çäreleriň görülmegine ýardam etdi.

Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon söhbetdeşliginde dünýäni gurşap alan, ençeme döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgeden koronawirusyň pandemiýasy baradaky meselä aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu howply ýagdaý ýüze çykan şu wehime garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirjek ýeke-täk, halkara düzüm hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýetini öňküden-de ýokarlandyrýar.

Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan ýurtlaryň jebisleşmegi, häzirki döwrüň howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howpa garşy göreşmekde olaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä sebit derejesinde seretmek bilen, BMG-niň Baş sekretaryna ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen bilelikde işlemekde Türkmenistanyň toplan tejribesi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça arkalaşykly işler amala aşyrylýar.

Täze wirus ýokanjyna garşy göreşmekde sebitde tagallalary birleşdirmegiň çäklerinde goňşy ýurtlar biri-birine özara ynsanperwer goldawyny berýärler. Türkmenistan goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi, Owganystanda ykdysady we durmuş taslamalaryny amala aşyrmagy ýokary depginde alyp barýar. Özbek we gazak goňşularymyz bilen bilelikde raýatlarymyzyň ýurtlarymyzyň çäklerinde bolmagyna amatly şertleri döretmek üçin birnäçe çäreler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda pandemiýa garşy alnyp barylýan göreşde ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlary hem, umuman, dünýä ykdysadyýetini hem kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän işiň täze görnüşleriniň we usullaryň gözleniljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz munuň üçin halkara bileleşigiň ýokary derejede jebisleşmeginiň üpjün edilmelidigini, ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze nusgalarynyň taýýarlanylmalydygyny we ornaşdyrylmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 30-njy martynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky Milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda BMG-niň Baş sekretarynyň öňe süren teklibi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk beýan edildi.

Türkmenistanyň Hökümeti şolary, şeýle hem kabul edilen iki sany ýörite Kararnamany hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk babatda üç sany Meýilnamany doly goldamak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de ýurtlar boýunça agentlikleri bilen bilelikde ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny taýýarlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça koronawirusyň pandemiýasyna garşy durmak boýunça Türkmenistanda Dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Milli meýilnamada BSGG we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we gurallary hem kesgitlenildi, resminama laýyklykda, degişli çäreleri birnäçe ugurda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ýokary derejesini üpjün etmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-usulyýet esasynda degişli enjamlary we serişdeleri yzygiderli täzelemek, öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak işleri bar. Şeýle hem meýilnama saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň taýýarlygyny, dünýä lukmançylygynyň ösüş meýillerini nazara almak bilen, olaryň işini kämilleşdirmegi, dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur almak bilen has zerur bolan ugurlar, hünärler boýunça lukmanlaryň, hususan-da, wirusologlaryň we immunologlaryň işiniň hilini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti ýokanç keseliň ýurda aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almakda raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemek hakynda gol çeken Kararynyň ähmiýeti uludyr.

Mundan başga-da, resminama halkara tejribäniň esasynda hem-de BSGG-niň maslahatlaryndan ugur alyp, saglygy goraýşyň ylmy-usulyýet we kadalaýyn binýadyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge hem-de lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde, ylmy-barlag işini güýçlendirmäge, innowasion çemeleşmeleri hem-de maglumat tehnologiýalaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesus bilen wideoaragatnaşyk arkaly awgust aýynda geçiren duşuşygynda öňe süren teklipleri lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmekde nobatdaky ädim boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzda COVID-19-yň öňüni almak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berip, koronawirus bilen baglanyşykly köp sanly jähetleriň näbellidigini belledi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak pikirini aýtdy. Bu bolsa dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylygynda bu keseli takyk anyklamak maksady bilen, döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalary ulanmagyň institusional hem-de bejeriş-anyklaýyş ulgamlary gurşalyp alnanda, olar koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde üstünligi üpjün etmelidir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesus hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa beýan edilen maglumatlar hem-de teklipler üçin hoşallyk bildirip, öňe sürlen başlangyçlaryň tutuş adamzat üçin wajypdygyny belläp, BSGG-niň bilelikdäki işi amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem BSGG-niň ýolbaşçysy türkmen Liderine täze görnüşdäki koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekdäki umumy tagallalara goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek üçin lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmek bilen baglanyşykly başlangyçlary has doly we rejelenen görnüşde türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisindäki wideoýazgy çykyşynda beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda biziň ýurdumyzda öz wagtynda netijeli gorag çäreleriniň geçirilendigini, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýeke-täk milli strategiýanyň işlenip düzülendigini, guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, lukmançylyk we arassaçylyk-karantin häsiýetli çäreleriň toplumynyň şol strategiýanyň özenini düzendigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn görnüşde, şonuň ýaly-da, halkara guramalaryň ugry boýunça ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýany çalt ýeňmek üçin hünärmenleriň ýakyndan utgaşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň örän zerurdygyny nygtap, häzirki wagtda howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklaryň, ylmy diplomatiýanyň ýollaryny doly açmagyň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli halkara gurallary işläp taýýarlamak we döretmek meselelerine garamagy teklip etdi. Hususan-da, BSGG-niň howandarlygynda:

— koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegi;

— pnewmoniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamagy;

— ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmegi teklip etdi.

Şunda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara düzümleriň ählisi bilen bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alyşmaga taýýardygy beýan edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 pandemiýasynyň diňe bir ilatyň saglygyna we durmuş abadançylygyna däl, eýsem, bütindünýä ykdysadyýetine we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine oňaýsyz täsir edýändigi babatynda has giň jähetden seretmek bilen, ekologiýa meseleleriniň ýüze çykýan wehimleri bilen baglanyşykly meseleleri aýratyn belledi.

Koronawirus pandemiýasy dünýäniň örän köp ýurtlaryna ol ýa-da beýleki derejede degdi. Ýöne ol ekologiýa nukdaýnazaryndan oňaýsyz bolan sebitlere aýratyn howp salýar. Türkmenistanyň Prezidenti şunuň bilen baglylykda, Aral heläkçiliginiň meselelerini gozgady, onuň Merkezi Aziýanyň halklary we döwletleri üçin örän möhüm ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz howply ýokanç keselleriň diňe bir howa-damjalaýyn ýol bilen däl-de, eýsem, howa-tozan ýoly arkaly hem ýaýrap bilýändigine, muny bolsa ýurdumyzyň alymlarynyň, lukmanlarynyň, ekologlarynyň hem-de beýleki ylmy pudaklaryň wekilleriniň barlaglarynyň tassyklaýandygyna ünsi çekdi. Netijede, möhüm ekologiýa wezipelerini çözmek zerurlygy ýüze çykýar, şol wezipeleriň hataryna Araly halas etmek meselesi hem girýär.

Pandemiýa bilen baglylykda, Aral heläkçiliginiň zolagyndaky ýagdaýlar çylşyrymlaşyp, adamlaryň durmuşyna we saglygyna anyk howp salýar, ýokanjyň güýçli ýaýramak töwekgelçiligi ep-esli artdy. Şeýle şertlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiligini Aral hem-de Aralýaka meselelerine örän uly üns bermäge çagyrdy. Bu meseleleriň çözülmegi şol ýerlerde ýaşaýan adamlara anyk kömek we goldaw berilmegini, olara giňişleýin garalmagyny talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde resminama-hukuk taýdan hasaba alynmagyna laýyk gelýän ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşme teklip edilýär.

Aral deňziniň giňişligi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň aprel aýynda we 2019-njy ýylyň maý aýynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda” Kararnamalaryna daýanyp biler. Bu resminamalar häzirki wagtda Aral meselesi ugrunda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin meýdança hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän lukmançylyk diplomatiýasy döwrüň ählumumy ähmiýetli meseleleriniň çözülmegine hem-de “diplomatiýa” diýen düşünjäniň özüne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene-de bir goşandydyr.

Diplomatiýany onuň nusgawy manysynda döwletiň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem öz milli bähbitlerini goramak boýunça işi hökmünde amala aşyryp, Türkmenistan şonuň bilen birlikde, halkara gün tertibiniň örän möhüm ugurlary boýunça diplomatik tagallalaryň ýöriteleşdirilmegine we ilerledilmegine uly üns berýär.

Şolaryň hatarynda energetika, ulag, suw, ylmy, medeni, sport, halk hem-de diplomatiýanyň beýleki görnüşleri bolup, onuň däp bolan wezipelerini, usullaryny we serişdelerini baýlaşdyrýar. Munuň özi doly kanunalaýykdyr, çünki dünýä diplomatiýasynyň taryhynyň görkezişi ýaly, gadymy döwürlerden şu güne çenli onuň görnüşleri hem-de ugurlary peýda bolýar.

Diňe sanly ulgamlar ornaşdyrylýan asyrymyzda daşary syýasy wezipeleri çözmek üçin Internet torunyň hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly elektron diplomatiýa (iňl. Digital diplomacy, e-diplomacy) döräp biler.

Sanly diplomatiýanyň çäklerinde umumydünýä torunda täze mediýa, durmuş torlary we şuňa meňzeş beýleki mediýa-meýdançalar ulanylýar. Sanly diplomatiýanyň baş maksady daşary syýasat ugruna degişli bähbitleri öňe ilerletmekden, web-saýtlar, internet-telewideniýe, durmuş torlary we mobil goşundylar arkaly köpçüligiň aň-düşünjesine hem-de ýokary derejeli syýasy işgärlere gönükdirilen maglumat taýdan wagyz etmekden ybaratdyr.

Diplomatiýanyň netijeliligini, hususan-da, onuň lukmançylyk ugrunyň ähmiýetini Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleriniň açylmagy bilen baglanyşykly ýakynda bolup geçen wakalar hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabaralara gatnaşmagy şol wakalaryň ähmiýetini artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, dabaralara Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan çagyrylan professor-lukmanlar gatnaşdylar. Olar bilen alnyp barylýan köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistana döwlet syýasatynyň ilatyň saglygyny üpjün etmek ýaly möhüm ileri tutulýan ugruny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, sebitlerde häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösdürilmegine ýardam edýär.

Myhmanlaryň biriniň belleýşi ýaly, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de giňden ulanylmagy Türkmenistanyň saglygy goraýşyna öňe tarap örän uly ädimleri ätmäge hem-de hassalary bejermekde we täzeden dikeltmekde has oňaýly netijäni almaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, şeýle derejedäki edaranyň döredilmegi tutuş sebit möçberinde saglygy goramaga goýulýan maýa goýumlardyr. Germaniýadan gelen meşhur alym we lukman Ulrih Şalleriň, Gersog Karl adyndaky Oftalmologiýa klinikasynyň doktory Teodor Mýunheniň sözlerine görä bolsa, lukmançylyk — munuň özi adamlary birleşdirmek üçin ajaýyp binýatdyr we şoňa görä-de, türkmen we germaniýaly kärdeşler üstünlikli gatnaşyk etmek bilen birlikde, mähirli dostlukly gatnaşyklary hem ýola goýdular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezleriň açylyş dabarasynda çykyş edip, ählumumy bähbitler hem-de tutuş adamzadyň bähbidi üçin lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmegiň esasy ugurlary hökmünde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn nygtady.

 
 

Copyright 2012-2020 Государственное информационное агентство Туркменистана (TDH) - Туркменистан сегодня


Flag Counter