Halkara ulag maslahaty - daşary ýurt metbugatynda | TDH
Teswirlemeler

Halkara ulag maslahaty - daşary ýurt metbugatynda

опубликовано 29.11.2018 // 149 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça
28-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanyp geçirilen halkara ministrler maslahaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Olar bu maslahatyň “Lapis Lazuli” (Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi babatda bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzümleriniň mümkinçilikleriniň belende galmagy boýunça ägirt uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Iri halkara we milli neşirleriň, “News Central Asia” “ (aCa)”, “Trend”, “Eurasia Net”, “News Day”, “Azertage”, “Hurriyet Daily News”, “SNG.today”, “ABC”, Anadolu Agency”, “Tnews”, “Uzbekistan 24”, “Infopole”, “Avesta. “TJ”, “ArmInfo” hem-de beýleki neşirleriň maglumat we syn beriş makalalarynda sebitimizde ulag-aragatnaşyk pudagynyň ýagdaýyna syn berilýär. Şeýle hem bu neşirler tutuş Ýewraziýa yklymynyň ykdysady taýdan durnukly ösüşine “Lapis Lazuli” geçelgesiniň täsiri barada Awazada geçirilen halkara maslahata aýdylandygyny tassyklaýar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Awazadaky halkara maslahatyň barşyny beýan edip, gürrüňi edilýän ulag-üstaşyr geçelgäniň dünýä maliýe çökgünliginiň täsirini ýumşatmak, sebitiň ähli ýurtlarynyň diýen ýaly ykdysady ösüşine ýaramaz täsir edýän ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi, bilermenleriň pikirine görä, Aziýa yklymynyň öňünde durýan birnäçe ykdysady meseleleri çözmegiň möhüm şerti bolup durýar. Düzümiň ägirt uly böleginiň häzirki döwürde hereket edýän ugry goşmaça hukuk ylalaşyklaryny we bu ugruň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Şeýlelikde, ol sebitde önümçiligiň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Aýratyn-da, munuň Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmeginde oňyn täsiri bolar. Biziň ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda doganlyk döwlete hemmetaraplaýyn goldaw berýär hem-de düzümleri gurmak, iri taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijesinde owgan halkyna ykdysadyýeti täzeden dikeltmäge kömek edip, içerki syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Munuň özi Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň çekilmegi, onuň esasy böleginiň “Lazurit” geçelgesini emele getirmegi bilen baglanyşyklydyr. Şunlukda, daşary ýurtlaryň synçylarynyň pikirine görä, ulag ulgamyndaky taslamalar Owganystanyň ykdysady ösüşine hem-de tutuş sebitiň ösüşine hut ýakyn wagtlarda kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr.

Häzirki zaman ulag düzüminiň gurluşygy we “Lazurit” geçelgesiniň doly derejede hereket etmegi haryt öndürijileri işjeňleşdirmäge ukyplydyr. Olaryň önümleri häzirki döwürde birnäçe haryt öndürijiler ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäkliligi sebäpli, öz harytlaryny dünýä bazarlaryna çykaryp bilmeýärler.

“Lapis Lazuli” taslamasy ýük akymlaryny ep-esli tizleşdirmäge we haryt öndürijilerden sarp ediş bazaryna çenli aralygy gysgaltmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa daşary ýurt sarp edijileri üçin önümleriň bahasynyň aşak düşmegini şertlendirer. Munuň özi iri söwda kärhanalarynyň sebitde önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer diýip, daşary ýurt neşirleriniň žurnalistleri hasaplaýar. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty we bu ulgamda öňe süren onlarça taslamalary netijesinde Türkmenistanyň mümkinçilikleri has artan ulag düzümine aýratyn ähmiýet berildi.

Awazada geçirilen halkara ministrler maslahatynda şeýle mümkinçilikler barada aýdyň beýan edildi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň yklymyň magistral ýollarynyň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň ýurdumyza tutuş Ýewraziýa yklymynda bökdençsiz ýük gatnawlaryny üpjün etmek üçin milli ulag kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýörelgäni ösdürmek bilen, häzirki zaman köpşahaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belleýär.

Maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň wajypdygyny nygtap, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulag we logistika ýaly geljegi uly pudaklarda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetini utgaşdyrmak şertlerinde möhüm şert bolup durýandygyny bellediler. Munuň özi köpşahaly we howpsuz halkara ulag düzümini talap edýär.

Maslahatda ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we ýük daşaýjy düzümiň wekilleri logistik işlerini ösdürmegiň we ony işjeňleşdirmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin çözgütleriň netijeli gözlegi bilen meşgullandylar. Şeýle hem Halkara maslahaty milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýany, Hazar, Gara we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta - Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmek babatda anyk başlangyçlary öňe sürýär, bu bolsa iri halkara guramalary bilen bolşy ýaly, aýry-aýry döwletler bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň wajyp wezipelerine laýyk gelýär.

Halkara ministrler maslahatyndan taýýarlanan habarlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň binýadynda yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada öňe sürýän teklibiniň ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini alamatlandyrýandygy bellenilýär.

Metbugat serişdeleri öz okyjylarynyň ünsüni halkara ulag geçelgeleriniň ählumumy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm guralyna öwrülendigine çekýärler. Ýokary derejede geçirilen we möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatyň Türkmenistanda geçirilmeginde aýratyn many bar. Çünki, ulag pudagynyň ösüşiniň milli strategiýasy bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa,öz gezeginde, häzirki zaman geosyýasy we geoykdysady ösüşiň anyk ýörelgeleri hem-de meýilleri bilen şertlendirilendir.

 
 

Copyright 2012-2018 Государственное информационное агентство Туркменистана (TDH) - Туркменистан сегодня


Flag Counter