Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalary özünde jemleýär.
Şu gün Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary şöhlelendirildi.
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.